Türkiyäniň Daşary işler ministrligi Kolumbiýadaky ýer titremesi bilen baglanyşykly beren beýanatynda: "Ýer titremesinde ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we Kolumbiýanyň halkyna gynanç bildirýäris we ýaralananlaryň tiz wagtda sagalmagyny dileýäris" diýdi.
Türkiyäniň Daşary işler ministrligi Kolumbiýada bolup geçen ýer titremesi barada ýazmaça beýanat berdi.
Beýanatda Türkiyäniň Bogota şäherindäki ilçihanasynyň türk raýatlary bilen aragatnaşyk saklaýandygy we olaryň ýagdaýyny ýakyndan gözegçilik edýändigi bellenilip: "Şu gün Kolumbiýada bolan ýer titremesinde adam ýitgileri we maddy zyýan çekilmegi bizi çuňňur gynandyrýar. Ýer titremesinde ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we Kolumbiýanyň halkyna gynanç bildirýäris we ýaralananlaryň tiz wagtda sagalmagyny dileýäris" diýildi.
ABŞ-nyň Geologiýa gözegçiligi merkezi (USGS) Kolumbiýanyň günbataryndaky San Hose del Palmar şäherinden takmynan 5 kilometr gündogarda, 7,4 bal ululygynda ýer titremesiniň bolandygyny aýan etdi.
Beýanatda ýer titremesiniň ýeriň 107 kilometr aşagynda emele gelendigi barada maglumat paýlaşyldy.
Häzirki wagta çenli ýer titremesinde 132 adamyň ölendigi habar berildi.




















