DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýylyň harby güýçleri basylyp alnan Günbatar Şeriada 15 ýaşly palestinaly çagany öldürdi
Palestin çeşmeleriniň maglumatyna görä, esgerler Ramallahyň golaýyndaky Silwad şäherçesinde geçirilen reýdde hakyky oklar, göz ýaşardýan gazlar we ses çykaryjy granatalar ulandylar.
Ysraýylyň harby güýçleri basylyp alnan Günbatar Şeriada 15 ýaşly palestinaly çagany öldürdi
Ramallah
31 Oktýabr 2025

Ysraýylyň harby güýçleri basylyp alnan Günbatar Şerianyň Ramallah şäheriniň golaýyndaky Silwad şäherçesinde geçirilen reýdde 15 ýaşly palestinaly çagany öldürdi.

Esgerler geçirilen reýdde hakyky oklar, göz ýaşardýan gazlar we ses çykaryjy granatalary ulandylar, ýüze çykan çaknyşykda Ýamen Samed Hamed atly 15 ýaşly çaga atyldy. Bu habary penşenbe güni Palestinanyň WAFA habarlar agentligi ýerli habar çeşmelerine esasalanyp berdi.

Habar çeşmeleri Ysraýylyň harby güýçleriniň ýaralanan çagany alyp gitjek tiz kömek ulagynyň wakanyň bolan ýerine ýetmegine päsgel berendigini, soňra çagany birnäçe wagt ýerde ýatyrandyklary, soň bolsa lukmanlaryň oňa ýetmegine rugsat berendigini aýtdylar.

Ramallah şäherindäki Palestinanyň Lukmançylyk kompleksi birnäçe wagt soň çaganyň ýogalandygyny mälim etdi.

Palestinanyň habar çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Ysraýylyň hüjümleri basylyp alnan Günbatar Şeriada artmak bilen birlikde, şol seneden bäri 1062-den gowrak palestinaly öldürildi, 10300-den gowrak adam ýaralandy.

Şu ýylyň iýul aýynda Halkara Kazyýet Ysraýylyň Palestina territoriýalaryny basyp almagyny bikanun diýip yglan edip, Günbatar Şeriadaky we Gündogar Iýerusalimdäki ähli ilatly nokatlaryň boşaldylmagyny talap edýän möhüm karar çykardy.

Öwren
Kolumbiýa Karibdäki dartgynlyk sebäpli ABŞ bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmegi buýurdy
Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy