Siriýada metjitde bolan partlamada 5 adam ýogaldy
Siriýanyň Homus şäherinde metjitde bolan partlamada 5 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy
Siriýada metjitde bolan partlamada 5 adam ýogaldy / AA
Siriýanyň SANA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, metjitde bolan partlamada 5 adam ýogaldy, 20 adam hem ýaralandy.
Partlamanyň sebäbiniň anyklanylmagy üçin iş gozgaldy.
SANA habarlar gullugy, partlamanyň Humusyň Wadi Al Dahab etrapçasyndaky Ymam Ali ibn Abi Talib metjidinde bolandygyny mälim etdi.
Partlaýjy maddalar bilen guralan hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.
Howpsuzlyk güýçlerine görä, çarşenbe güni Siriýanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Idlib welaýatynda ýarag ammarynda partlama boldy. Wakada 5 adam ýogaldy, 9 adam hem ýaralandy.
Partlamada ammardaky raketalaryň we ok-däriniň sebäp bolandygy nygtaldy.