DÜNÝÄ
1 minut okamak
Birleşen Arap Emirlikleri Eýrana garşy gizlinlikde hüjüm edipdir
BAE ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy alyp baran bilelikdäki urşunyň dowam edýän günlerinde Eýrana gizlinlikde hüjüm edipdir.
Birleşen Arap Emirlikleri Eýrana garşy gizlinlikde hüjüm edipdir
Birleşen Arap Emirlikleri Eýrana garşy gizlinlikde hüjüm edipdir / AP

Duşenbe güni çap edilen habra görä, Birleşen Arap Emirlikleri ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy alyp baran bilelikdäki urşunyň dowam edýän günlerinde Eýrana garşy gizlinlikde birnäçe hüjüm gurady.

“Wall Street Žournal” gazetiniň berýän habaryna görä, hüjümleriň birinde Eýranyň Lawan adasyndaky nebiti gaýtadan işläp çykarýan desga nyşana alyndy.

Habara görä, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Eýran bilen atyşygyň bes edilmegi üçin tagalla edýän günlerinde nebiti gaýtadan işläp çykarýan desga aprel aýynyň başynda uly hüjüm guraldy. Hüjüm sebäpli desga ýandy we hatardan çykaryldy.

Eýran hem Birleşen Arap Emirliklerine we Kuweýde dron we raketa hüjümini guramak bilen gaýtawul görkezdi.

ABŞ-nyň Birleşen Arap Emirlikleriniň urşa goşulmagyna kanagatlanma bildirendigi nygtaldy.

Gazet Eýranyň BAE-ne Ysraýyl we beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende has köp hüjüm gurandygyna ünsi çekdi.

Eýranyň BAE-ne 2800-den gowrak dron we raketa hüjümini gurandygy bellenildi.

Hüjümler BAE-niň ykdysadyýetine uly zeper ýetirdi, köp sanly adam işden çykaryldy ýada işlerine wagtlaýyn arakesme berildi.

 

 

 

Öwren
ABŞ, Ýakyn Gündogar üçin howpsuzlyk duýduryşyny çap etdi
ABŞ Ukraina 2,68 milliard dollarlyk harby enjam satar
Kongoda ebola sebäpli ýogalanlaryň sany 3 müň 577 adama ýetdi
Russiýa Britaniýanyň geňeşçi ilçisini  Daşary işler ministrligine çagyrdy
Pakistanda polis merkezine guralan hüjümde 8 adam ýogaldy
Demirgazyk Koreýanyň Russiýa müňlerçe işçi ugradandygy öňe sürüldi
Pakistan Saud Arabystanynyň howpsuzlygyna şertsiz goldaw berýär
Tramp Polşada ABŞ bazasyny döretmek meselesinde uly öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýan etdi
Ýemeniň goşuny: "Taiziň günbataryndaky çaknyşyklarda 30 Husi söweşijisi öldürildi" diýdi
Eýran Ormuz bogazyndan geçmäge çalşan Togonyň baýdagyny göterýän nebit tankerini nyşana aldy
Amerikaly diplomatlar Husiler bilen Gyzyldeňizdäki dartgynlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdy
Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan: “Biziň rus harby bazasyna mätäçligimiz ýok”
Zelenskiý Russiýany soňky hepdelerde iki gezek onuň uçaryny nyşana almaga synanyşmakda aýyplady
Singapurda "doomscrolling"-iň öňüni almak maksady bilen adamlara kitap okamak üçin pul tölenýär
Eýran Keşm adasynda ABŞ-na degişli drony urup düşürendigini habar berdi
Los-Anjelesde bolan dikuçar heläkçiliginde üç adam ýogaldy
Russiýa: "Älem giňişliginde ýaraglanma ýaryşynyň öňüni almak üçin gyssagly anyk ädimler edilmeli"
Ysraýyl ýaralanan lukmançylyk işgärine kömek etmäge gelen palestinaly çagany bombalap öldürdi
Ummanyň golaýynda nyşana alynan nebit tankeriniň 2 ekipažyndan hiç hili habar ýok
Ukraina: “Rus goşuny şu gije 200 ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen howa hüjümini gurady”