Türkiyäniň uçarmansyz howa ulag öndürijisi “Baýkar” kompaniýasy şenbe güni Dmitriý Şestakowiçiň “Wals N 2” sazynyň äheňinde taýýarlanan mahabat wideosy bilen täze kamikadze uçarmansyz howa ulagy K2-ni yglan etdi.
Ösen emeli intellekt esasly uçuş we nyşana alyş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan K2, AI bilen işleýän wizual duýuş tehnologiýasy arkaly nawigasiýa, nyşanalary anyklamak we söweş proseslerinde awtonom topar operasiýalaryny ýerine ýetirip bilýär.
Bu uçarmansyz howa ulagynyň 2000 kilometrden gowrak aralyga uçup bilýändigi, 200 kilogramlyk harby boýegolowkany göterýändigi we iň ýokary uçuş agramynyň 800 kilograma deňdigi aýdylýar. Birnäçe missiýa üçin niýetlenen bu ulgam gysga ýa-da taýýar däl uçuş zolaklaryndan uçup bilýär.
Dünýäniň ençeme ýurduna uçarmansyz howa ulaglaryny eksport edýän “Baýkar” häzirki wagtda öz önümleriniň arasynda taktiki görnüşdäki “Baýraktar TB2”, ýokary belentlikde uçup bilýän “Baýraktar Akynjy”, gämilerden uçup bilýän “Baýraktar TB3” we reaktiw hereketlendirijili “Baýraktar Gyzylalma” uçarlaryny hödürleýär.



















