Sudanda hassahana guralan hüjümde 13-i çaga jemi 64 adam öldi
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Adhanom Gebreýsus hüjümde 89 adamyň, şol sanda 8 saglygy goraýyş işgäriniň ýaralanandygyny yglan etdi.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Adhanom Gebreýsus Sudandaky hassahana guralan hüjümde azyndan 13-i çaga jemi 64 adamyň ölendigini habar berdi.
Gebreýesus “X platformasy” arkaly beren beýanatynda Gündogar Darfuryň paýtagty Al-Daein şäherindäki “Al-Daein” hassahanasyna hüjüm guralandygyny we ölenleriň arasynda 13 çaganyň, iki zenan şepagat uýasynyň, bir erkek lukmanyň we köp sanly hassanyň bardygyny aýtdy.
BSGG-niň direktory şeýle hem bu hüjümiň uruş döwründe saglyk edaralaryna guralan hüjümler bilen baglanyşykly ölenleriň sanyny 2000-den geçendigini aýtdy.
Gebreýesus hüjümde 89 adamyň, şol sanda 8 saglygy goraýyş işgäriniň ýaralanandygyny aýan etdi.
BSGG anna güni El-Daein hassahanasyna guralan hüjümiň desgany işlemejek ýagdaýa getirendigini we şähere zerur saglyk hyzmatlaryny kesendigini yglan etdi.
Gebreýesus saglyk edaralaryna we saglygy goraýyş işgärlerine guralýan hüjümleriň gyssagly we yzygiderli saglyk hyzmatlaryna mätäç jemgyýetler üçin gysga möhletli we uzak möhletli netijeleriň bardygyny nygtady.