Wenesuelanyň Mejlisiniň başlygy 400-den gowrak tussaglynyň boşadylandygyny aýtdy
Emma adam hukuklary topary bu sanyň has azdygyny, 60 bilen 70 aralygynda üýtgeýändigini aýtdy.
Wenesuelanyň Mejlisiniň başlygy Horhe Rodriges geçen hepde yglan edilen we parahatçylyga goşandyň çäginde göz öňünde tutulan tapgyra laýyklykda 400-den gowrak adamyň tussaghanalardan boşadylandygyny mälim etdi.
Adam hukuklaryny goraýjy toparlar boşadylanlaryň sanyny 60 bilen 70 aralygyndadygyny we şol bir wagtyň özünde bu tapgyryň haýal depgindedigini we ýeterlik maglumatyň ýokdugyny beýan edýärler.
Wenesuelanyň tussaghana resmileri duşenbe güni 116 adamyň tussaghanalardan boşadylandygyny aýan etdiler.
Tussaglykda saklanýanlara hukuk goldawyny berýän öňdebaryjy ýerli raýat jemgyýetçilik guramasy Foro Penal, ýylyň başynda azyndan 800 "syýasy tussaglynyň" tussaghanalarda saklanýandygyny habar berdi.
Hökümet bolsa syýasy tussaglary saklamaýandygyny we tussag edilenlere kanuny aýyplamalaryň bildirilýändigini aýdýar.