SYÝASAT
2 minut okamak
Wens: Pakistanda Eýran bilen geçirilen gepleşiklerde “uly öňegidişlik” gazanyldy
ABŞ-nyň wise-prezidenti Amerikanyň “esasy şertleriniň” iň esasysynyň— Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmazlygydygyny aýtdy.
Wens: Pakistanda Eýran bilen geçirilen gepleşiklerde “uly öňegidişlik” gazanyldy
Wens: Pakistanda Eýran bilen geçirilen gepleşiklerde “uly öňegidişlik” gazanyldy / Reuters

Amerika Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) wise-prezidenti Jey Di Wens Pakistanda Eýran bilen geçirlen gepleşiklerde “uly öňegidişligiň” gazanylandygyny aýtdy, emma Ormuz bogazy doly açylmasa gepleşikleriň ugrunyň “düýpgöter” üýtgäp biljekdigini duýdurdy.

Wens duşenbe güni “Foks Nýusa” beren interwýusynda: “Diňe işler netijesiz diýmek nädogry. Meniň pikirimçe gowy netijeler hem alyndy. Biz örän uly öňegidişlik etdik” diýdi.

Wens, Waşingtonyň gepleşikleriň dowamynda öz gepleşik pozisiýasyny berkidendigini aýdyp, olaryň arasynda “ABŞ-nyň prezidentiniň gowy ylalaşyk gazanylandygyny duýmagy üçin hökmany suratda görülmeli faktorlaryň” hem bardygyny beýan etdi.

Ol şeýle diýdi: “Nobatdaky esasy mesele — eýranlylaryň ýeterlik derejede çeýelige eýe bolup, bolmajakdygyny we biz üçin möhüm bolan esasy hususlary kabul edip-etmejekdigidir.”

Wens, ABŞ-nyň “esasy şertleri” baradaky soraga şeýle jogap berdi:
“ABŞ-nyň prezidentiniň aýdýan iň esasy meselesi — Eýran hiç haçan ýadro ýaragyna eýe bolup bilmez. Şonuň üçin ähli şertlerimiz hut şu esasy ýörelgeden gelip çykýar.”

Wens, ABŞ-nyň Eýranyň Ormuz bogazyny gaýtadam açmak ugrundajy başlangyçlary dowam etdirmegine garaşýandygyny aýdyp, onuň dünýä ykdysady durnuklylygy üçin örän möhümidigini nygtady.

Ol: “Garaşýan zadymyz — eýranlylaryň Ormuz bogazyny açmak boýunça öňegidişligi dowam etdirmegi; eger beýle bolmasa, bu ýagdaý olar bilen alyp barýan gepleşiklerimizi düýbünden üýtgeder,” diýdi.

“Top olaryň meýdançasynda”

Wens, Waşingtonyň esasy ýadro meselelerinde — Eýranyň baýlaşdyrylan uran gorunyň ýurtdan daşary çykarylmagy we Tähranyň ýadro ýaragyny ösdürmeginiň öňüni almak üçin berk gözegçilik çäreleriniň ýola goýulmagy ýaly meselelerde — “çeýeligiň ýokdugyny” nygtady.

“Baýlaşdyrylan önüm Eýranyň daşyna çykarylmaly. Biz olaryň ýadro ýaragyny öndürmejekdigine doly kepillik almaly” diýen Wens, “indi top doly olaryň meýdançasynda” diýip, sözleriniň üstüne goşdy.

Wens şeýle hem: “Meniň pikirimçe biz eýranlylaryň nähili gepleşik alyp barýandygy barada käbir maglumatlary aldyk we Pakistandan  gaýtmagymyzyň sebäbi hem şoldy,” diýdi.

Ol: “Meniň pikirimçe, ol ýerdäki topar ylalaşyp bilmedi we ýa dini ýolbaşçydan, ýa-da başga birinden biziň goýýan şertlerimiz üçin razylyk almak maksady bilen Tährana dolanmaly boldular,” diýdi.

ABŞ bilen Eýran ýekşenbe güni Pakistanyň Yslamabat şäherinde gönüden gepleşikler geçirdiler, emma bu duşuşyklar netijesiz tamamlandy. Gepleşikler üstümizdäki aýyň başynda yglan edilen iki hepdelik ylalaşykdan soň geçirildi.

Pakistanda geçirilen gepleşikler, çözülmegine garaşylýan esasy düşünişmezliklere garamazdan, 1979-njy ýyldan bäri ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky iň ýokary derejeli gatnaşyk hökmünde bellik edildi.

Öwren
Prezident Erdogan BMG-nyň münberinde dünýä ýurtlaryna ýüzlener
Russiýada parlament saýlawlary geçirilýär
Irlandiýa Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylygy sebäpli Euroviziýa boýkotyny 2027-nji ýyla çenli uzaltdy
“Şugün kabul edilen kararlar strategik deňagramlylygy kesgitlär”
Türkiýe Husileriň Mekge şäheriniň golaýyna guran hüjümini ýazgardy
ABŞ Palestiniň Prezidenti Mahmud Abbasa wiza bermedi
Fidan: “Türkiýe bilen Azerbaýjan ýerleşýän sebitinde iki durnuklylyk adasy”
ABŞ-da Eýrana guralýan hüjümleriň bes edilmegini maksat edinýän taslama tassyklandy
ABŞ bilen Siriýa özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara howpsuzlyk meselesi hakynda pikir alyşdy
Somalide Türkiýä minnetdarlyk ýörişi geçirildi
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, Daşary işler ministri Fidany kabul etdi
Erdogan: “Halkymyzy howplardan goradyk”
Türki döwletleriň arasynda “TÜRKPOL” döredilýär
Tramp: “Respublikaçylar araky saýlawlarda ses bermese dowzaha giderler”
Tramp 11-nji sentýabr hüjümleriniň 25-nji ýylynda Pentagonda hatyralama çäresini geçirer
Türkiýe Siriýa gynanç bildirdi
Britaniýanyň Premýer-ministri: “Gazada başdan geçirilýän wakalara dymmak bilen syn edip bilmeris”
Ysraýylda çap edilýän gazet karzly amerikalylar üçin Eýrany basyp almagy teklip etdi
Erdogan: Türkiýe Eýran-ABŞ dartgynlygynyň ortadan aýrylmagy üçin tagalla edýär
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu: “Biziň esasy wezipämiz Eýranyň hökümetini agdarmak”