DÜNÝÄ
1 minut okamak
Demirgazyk Koreýanyň Russiýa müňlerçe işçi ugradandygy öňe sürüldi
Demirgazyk Koreýadan Russiýa gelen 15-30 müň aralygyndaky işçi adam başyna ýylda ortaça 7 müň 500 dollarlyk girdeji gazanýar.
Demirgazyk Koreýanyň Russiýa müňlerçe işçi ugradandygy öňe sürüldi
Demirgazyk Koreýanyň Russiýa müňlerçe işçi ugradandygy öňe sürüldi

Demirgazyk Koreýanyň söweş sebäpli iş güýji azalan Russiýa müňlerçe işçi ugradandygy we olaryň esasy böleginiň Ukraina tarapyndan nyşana alynýan desgalarda işleýändigi öňe sürüldi.

“Woll Street Žornal” gazetiniň berýän habarynda, Demirgazyk Koreýanyň soňky ýyllarda özara gatnaşyklarynyň pugtalandygy sebäpli Russiýa esger we harby enjam ugrandygyny, söweş sebäpli iş güýji azalandygy üçin şol ýurda işçi ugratmaga başlandygy öňe sürüldi.

Habarda Demirgazyk Koreýa goýlan sanksiýalara gözegçilik edýän Köp taraply sanksiýalara gözegçilik gullugynyň taýarlan habarnamasyna ýer berildi.

Habarnamada Russiýanyň iň uly e-söwda firmalaryndan Wildberriere degişli 20 ammaryň tomus aýlarynda Ukraina tarapyndan nyşana alynandygy, şol firma degişli desgalaryň käbirinde demirgazyk koreýaly zenanlaryň işleýändigi nygtaldy.

Habarnamada demirgazyk koreýaly käbir işçileriň Russiýada dron öndürýän desgalarda işleýändigine üns çekildi.

Habarnamada Demirgazyk Koreýadan Russiýa gelen 15-30 müň aralygyndaky işçiniň adam başyna ýylda ortaça 7 müň 500 dollarlyk girdeji gazanýandygy ýatladyldy.

Habarnamada şeýle hem geçen ýyl demirgazyk koreýaly işçileriň ýurtlaryna 800 million dollara golaý girdeji gazandyrandygyna üns çekildi.