DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri we bikanun ýehudi ýaşaýjylar, basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini we bilkastlaýyn oda bermelerini artdyrýar.
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýa / Reuters
5 Noýabr 2025

Palestiniň resmi WAFA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ysraýyl basyp alyşlygy astyndaky Günbatar Şeriada palestinlilere garşy guraýan hüjümlerini artdyrýar.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri palestinlilere garşy hüjüm guraýar. Ekin meýdanlaryny zor bilen ellerinden alýar, palestinlilere degişli ýerleri oda berýär.

Sişenbe güni ýary gije Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen bikanun ýehudi ýaşaýjylaryndan ybarat uly topar, Nablus şäheriniň günortasynda ýerleşýän Wadi Ýusuf etrapçasynda palestinlilere degişli ekin meýdanlaryny oda berdi. Sebitiň ýaşaýjylarynyň ýangyny söndürmegine rugsat berilmedi.

Şol sebitde geçen hepde Ýasuf we İskaka obalaryna degişli bikanun ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyna başlanypdy.

Bikanun ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy üçin obalylaryň ekin meýdanlary buldozerler bilen ýykyldy.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri sişenbe agşamy Al Halil etrapçasynda iki gün ozal şäheriň demirgazygyndaky girelgesinde ýehudi ýaşaýjy tarapyndan atylyp öldürlen 35 ýaşyndaky Ahmed Ruhbi Al-Atrasyň jesedini gowşurdy.

Ysraýyl zeýtun hasylyny nyşana alýar

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri basyp alyşlyk astyndaky Gündogar İýerusalimiň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Beit Anan şäherçesinde zeýtun ýygýan palestinli iki dogana hüjüm gurady.

Doganlardan biri, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň ulaglaryny we ýygan zeýtunlaryny ellerinden alandygyny mälim etdi.

Ramallah şäheriniň demirgazyk günbatarynda hem Ysraýylly bikanun ýaşaýjlaryň palestinlileriň ekin meýdanlaryna girendigi we ýygan zeýtunlaryny ogurlandygy bellenildi.