ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy alyp barýan söweşi sebäpli 45 million adama açlyga sezewar bolar

BMG-nyň Bütindünýä Azyk maksatnamasyndan berlen beýannama görä, söweş sebäpli azyk önümleriniň nyrhynyň ýokarlamagy ynsanperwer kömek üçin maliýe üpjünçiligini kynlaşdyryp biler.

By
ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy alyp barýan söweşi sebäpli 45 million adama açlyga sezewar bolar / Reuters

BMG, Ýakyn Gündogardaky söweş iýun aýyna çenli dowam eden halatynda ýene-de 45 million adamyň açlyga sezewar bolup biljekdigi barada duýduryş berdi.

Söweş sebäpli üç hepde-de ýüzlerçe adam ýogaldy.

Eýranyň Ysraýyla we Aýlag ýurtlaryna ar almak üçin hüjüm guramagy we Liwanda Ysraýyl bilen Hizbullahyň arasynda täze söweşiň başlamagy sebäpli dartgynlyk has-da möwjedi.

BMG-nyň Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň ýolbaşçysy Karl Skau, sişenbe güni Ženewada metbugata beren beýannamasynda “Ýakyn Gündogardaky çaknyşyk iýun aýyna çenli dowam eden halatynda azyk önümleriniň nyrhynyň ýokarlamagy sebäpli ýene-de 45 million adam açlyga sezewar bolar” diýdi.

 “Bu ýagdaý bütindünýä açlygyň derejesini rekord derejä çykaryp biler”diýen Skau, häzirki wagtda dünýäde 319 million adamyň akut iýmit ýetmezçiligini başdan geçirýändigini belledi.

BMG-nyň Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň ýolbaşçysy Karl Skau, söweş sebäpli esasan ýangyjyň nyhrynyň ýokarlamagynyň azyk önümleriniň nyrhynyň ýokarlamagyna sebäp bolandygyny we bu ýagdaýyň ynsanperwer kömek üçin maliýe üpjünçiligini kynlaşdyrandygyny ýatlatdy.