BMG, Ýakyn Gündogardaky söweş iýun aýyna çenli dowam eden halatynda ýene-de 45 million adamyň açlyga sezewar bolup biljekdigi barada duýduryş berdi.
Söweş sebäpli üç hepde-de ýüzlerçe adam ýogaldy.
Eýranyň Ysraýyla we Aýlag ýurtlaryna ar almak üçin hüjüm guramagy we Liwanda Ysraýyl bilen Hizbullahyň arasynda täze söweşiň başlamagy sebäpli dartgynlyk has-da möwjedi.
BMG-nyň Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň ýolbaşçysy Karl Skau, sişenbe güni Ženewada metbugata beren beýannamasynda “Ýakyn Gündogardaky çaknyşyk iýun aýyna çenli dowam eden halatynda azyk önümleriniň nyrhynyň ýokarlamagy sebäpli ýene-de 45 million adam açlyga sezewar bolar” diýdi.
“Bu ýagdaý bütindünýä açlygyň derejesini rekord derejä çykaryp biler”diýen Skau, häzirki wagtda dünýäde 319 million adamyň akut iýmit ýetmezçiligini başdan geçirýändigini belledi.
BMG-nyň Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň ýolbaşçysy Karl Skau, söweş sebäpli esasan ýangyjyň nyhrynyň ýokarlamagynyň azyk önümleriniň nyrhynyň ýokarlamagyna sebäp bolandygyny we bu ýagdaýyň ynsanperwer kömek üçin maliýe üpjünçiligini kynlaşdyrandygyny ýatlatdy.








