DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ukraina ABŞ-da öndürilen ATACMS raketalaryny Russiýa atdy
Russiýanyň goranyş güýçleri Woroneži nyşana alan Ukrainanyň ballistiki raketalaryň öňüni aldy. Hüjümlerde adam pidalary çekilmedi, diňe birnäçe zeper ýetdi.
Ukraina ABŞ-da öndürilen ATACMS raketalaryny Russiýa atdy
Russiýa-Ukraina urşy

Russiýanyň Goranmak ministrligi çarşenbe güni ukrain güýçleriniň günortadaky Woronež şäherine raýat nyşanalaryna hüjüm guramak maksady bilen ABŞ-da öndürilen 4 sany ATACMS raketasyny atandygyny aýtdy.

Sişenbe güni Ukrainanyň harby güýçleri ABŞ tarapyndan berlen ATACMS raketalary bilen Russiýadaky harby nyşanalara zarba urandygyny we onuň "möhüm bir wakadygyny” habar berdi.

Ady agzalan ulgamlar 2023-nji ýylda kabul edip alan Ukraina başda olary 1/5 bölegi Russiýanyň gözegçiliginde bolan öz territoriýasynda ulanmak bilen çäklendirilipdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Telegramdan beren beýanatynda: "Russiýanyň S-400 howa gorag ulgamlary we Pantsir raketa we artilleriýa ulgamlary ATACMS-iň ähli raketalaryny urup düşürdi" diýip ýazdy.

Ministrlik ýok edilen raketalaryň bölekleriniň Woroneždäki garrylar öýüniň we ýetimler öýüniň, şeýle hem jaýyň üçegine zeper ýetirendigini; asuda ilatyň arasynda pidalaryň ýa-da ýaralanmalaryň bolmandygyny mälim etdi.

Ministrlik raketalaryň bölekleriniň suratlaryny çap etdi we howa barlag bölümleriniň ATACMS-iň Harkow sebitinden uçurylandygyny anyklandygyny aýtdy.

Ukrainanyň iki sany köp nilli raketa atyjy ulgamyny ýok etmek üçin "Iskander-M" raketalaryny uçurandygyny habar berdi.

Ukraina mundan ozal ýanwar aýynda ABŞ-da öndürilen ATACMS raketalary bilen Russiýanyň territoriýasyny nyşana alyp, Belgorod sebitine alty raketa atypdy.

Geçen ýyl Ukrainanyň ABŞ-da öndürilen ATACMS we Britaniýanyň “Storm Shadow” raketalaryny Russiýa atmagyndan soň, Putin Ukraina garşy giperses raketasyny atmak barada buyruk beripdi.

 

Öwren
ABŞ bilen Hytaý Seulda söwda gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdy
Kabul Yslamabatda guralan hüjümiň Owganystanda meýilleşdirlendigi hakyndaky garaýyşlary ret etdi
Ganhor Ysraýylyň Liwana guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 2 müň 882 adama ýetdi
Birleşen Arap Emirlikleri Eýrana garşy gizlinlikde hüjüm edipdir
Russiýa ylalaşygyň möhlediniň tamamlanmagynyň yzy ýanyndan Ukraina howa hüjümini gurady
Belgiýa Türkiýe bilen strategik ýaranlygyň çuňlaşdyrylmagynda “uly ptensialyň” bardygyny görýär
ABŞ-nyň hantawirus gämisindäki raýatlaryndan birinde wirusyň bardygy anyklandy
Hantawirusdan zyýan çeken gämi Ispaniýanyň Tenerife portuna geldi we ewakuasiýa başlandy
Ysraýyl Eýrana garşy urşy goldamak üçin Yrakda gizlin baza döretdi we ony tapan esgerlere hüjüm etdi
Putin Fiso Russiýanyň Slowakiýa energiýa üpjünçiligi üçin "ähli zady" etjekdigini aýtdy
Putin: Rus esgerleri NATO tarapyndan ýaraglanan we goldanylýan agressiw güýç bilen ýüzbe-ýüz bolýar
BSGG-nyň başlygy hantawirus gämisiniň ýolagçylarynyň ewakuasiýa edilmegi üçin Ispaniýa gidýär
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda wagtlaýyn atyşygyň bes edilendigini yglan etdi
Dron hüjümleri Russiýanyň günortasynda howa gatnawyny bökdedi
ABŞ hantawirusy “3-nji derejeli” adatdan daşary ýagdaý dolanşygy hökmünde yglan etdi
Hantawirusa ýoluganlaryň artyp biljekdigi barada duýduryş berildi
Hytaý öňki iki goranmak ministrine galplyk üçin şertli ölüm jezasyny berdi
Russiýa Germaniýany günäkärledi
Ysraýyl Liwanyň günortasynda ýerleşýän 12 obanyň boşaldylmagyny isledi
ABŞ Peşawerdäki başkonsullygyny ýapar