Kreml Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň paýtagt Moskwada Eýranyň Ýokary milli howpsuzlyk gullugynyň başlygyny kabul edendigini habar berdi.
Moskwada ABŞ-nyň Prezident Donald Trampyň Eýrana ýadro maksatnamasy sebäpli basyş edýän günlerinde möhüm duşuşyk geçirildi.
Kreml tarapyndan berlen beýannamada “Prezident Putin, Russiýada saparda boýan Eýran Yslam Respublikasynyň Ýokary milli howpsuzlyk geňeşiniň Baş sekretary Ali Larijanini kabul etdi” diýildi.
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, anna güni beren beýannamasynda, Russiýanyň ýakyn ýarany Eýranyň harby opersiýadan gaça durmak üçin ýadro meýilnamasy meselesinde ylalaşyk gazanmak isleýändigini aýdypdy.
ABŞ-nyň Prezidenti ýaňy ýakynda hem protestçylara basyş edýän Eýrana garşy harby hüjüm gurap biljekdigini aýdypdy.
Russiýanyň RİA Nowosti habarlar gullugy Eýran Yslam Respublikasynyň Ýokary milli howpsuzlyk geňeşiniň Baş sekretary Ali Larijaniniň Moskwa guraýan sapary hakynda ozal hiç hili maglumatyň berilmändigini mälim etdi.
Moskwa, Waşington bilen Tähranyň arasynda töwellaçy bolmagy teklip edýär.



















