Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrligi, Ispaniýanyň Toledo şäheriniň golaýynda bolan otly heläkçiliginde adam pidasynyň çekilmegine uly gynanç bildirdi.
Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Ispaniýanyň Toledo şäheriniň golaýynda bolan otly heläkçiliginde adam pidasynyň çekilmegine uly gynanç bildirildi.
Beýannamada, “Heläkçilikde ýogalanlaryň hossarlaryna we ispaniýanyň halkyna uly gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.
Beýannamada otly heläkçiliginde ýogalanlaryň arasynda türk raýatynyň ýokdygy we Türkiýäniň Madritdäki ilçihanasynyň mesele bilen ýakyndan gyzyklanýandygy bellenildi.
Ispaniýada iki ýolagçy otlusynyň kakyşmagy sebäpli 64 adamyň ýogalandygy, köp sanly adamyň hem ýaralanandygy habar berlipdi.



























