SYÝASAT
2 minut okamak
Tramp Russiýa-Ukraina urşuny bes etmek üçin 28 maddadan ybarat meýilnama gol çekdi
ABŞ-nyň ýokary derejeli resmilerinden biri meýilnamanyň iki tarapa hem howpsuzlyk kepilliklerini bermegi nazarda tutýandygyny aýtdy.
Tramp Russiýa-Ukraina urşuny bes etmek üçin 28 maddadan ybarat meýilnama gol çekdi
Tramp Russiýa-Ukraina urşuny bes etmek üçin 28 maddadan ybarat meýilnama gol çekdi / AP
20 Noýabr 2025

Amerikaly ýokary derejeli resmi “NBS Nýus” ýaýlymyna ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň şu hepde Russiýa bilen Ukrainanň arasyndaky urşy bes etdirmek hakyndaky 28 maddadan ybarat meýilnamany tassyklandygyny aýtdy.

Resmi “Meýilnama durnukly parahatçylygy ýola goýmak üçin iki tarapa hem howpsuzlyk kepillikleriniň berilmegini maksat edinýär. Ukrainanyň durnukly parahatçylyk üçin isleýän we zerurlyk duýýan şertlerini öz içine alýar” diýdi.

Amerikaly resmi meýilnama hakynda giňişleýin maglumat bermedi we meýilnamanyň henizem degişli taraplar bilen geňeşilýändigini beýan etdi.

2 amerikaly, 1 ýewropaly we Ukrainanyň hökümetine ýakyn çeşmelerden biri ABŞ-nyň harby wekiliýetiniň Daniel Driskollyň ýolbaşçylygynda çarşenbe güni Kiýewe gidendigini habar berdi. Saparyň maksady harby strategiýa we tehnologiýa meseleleri hakynda pikir alyşmak hem-de hökümetiň ýaraşyk tapgyryny gaýtadan başlatmak boýunça başlangyjyny goldamakdan ybarat.

Amerikaly resmilerden biri Kiýewe edilen bu sapary Ak Tamyň “ýaraşyk gepleşiklerini gaýtadan başlatmak” boýunça tagallasynyň çäginde guralandygyny aýtdy.

Emma Kremliň metbugat Sekretary Dmitriý Peskow Driskollyň Kiýewdäki duşuşyklaryndan soň Russiýanyň Driskoll bilen duşuşyk meýilnamasy hakynda “şeýle meýilnama ýok” diýdi. Bu beýanat bolsa ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen awgust aýynda Alýaskada geçiren duşuşygyndan bäri hiç hili öňegidişligiň ýokdugyny görkezýär.  

Ukrainanyň hökümetine ýakyn çeşmelerden biri we meselede habarly ýewropaly resmi Ukrainanyň teklip edilen ýaraşyk meýilnamasynyň taýýarlanmagyna gatnaşmandygyny aýtdy. İki çeşme hem Ukraina meýilnamanyň umumy mazmuny hakynda maglumat berilendigini, emma giňişleýin maglumatyň berilmändigini beýan etdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat Sekretary Mariýa Zaharowa çarşenbe güni mediada çykan habarlarda beýan edilen we Ukraina bilen baglydygy öňe sürülen “ylalaşyklar” hakynda ABŞ-dan resmi ýollar arkaly haýsydyr bir maglumat almandyklaryny aýtdy.

Kreml hem Putiniň Alýaskada Tramp bilen geçiren duşuşygyndan bäri Ukraina ýaraşyk ylalaşygy ähtimallygy boýunça pozizisiýasynyň üýtgemändigini beýan edipdi.

ABŞ-nyň “Axios” habarlar saýtynyň ýazmagyna görä Trampyň şahsy wekili Stiw Witkoff bilen Putiniň wekili Kirill Dmitriýew geçen aýyň ahyrynda Floridada Ukrainadaky urşy bes etmek boýunça pikir alyşmak üçin duşuşdy.

Habarda beýan edilmegine görä 28 maddadadan ybarat bolan Amerikan meýilnamasy Trampyň Gazada ylalaşyk gazanmakdaky üstünlikli synanşygyndan soň taýýarlandy.