ABŞ Gaza parahatçylyk sammitini geçirer
ABŞ Gazanyň gaýtadan dikeldiş we ylalaşyk etabyny ara alyp maslahatlaşmak üçin parahatçylyk sammitini geçirer.
“Axios” habar portalynyň ABŞ-na we diplomatik çeşmelere esaslanýan habaryna görä, Ak Tam, Gaza ylalaşygynyň ikinji tapgyryna geçmek we söweş sebäpli harabalyga öwrülen Palestiniň gaýtadan dikeldilmegi maksady bilen 19-njy fewralda Gaza parahatçylyk geňeşiniň liderler sammitine ýer eýeçiligini etmegi meýilleşdirýär.
Habarda “Bu Parahatçylyk geňeşiniň ilkinji maslahaty we Gazanyň gaýtadan dikeldilmegi üçin maliýe kömeginiň berilmegi üçin geçiriljek ilkinji konferensiýa bolar” diýildi.
Habara görä, Trampyň adminstrasiýasy liderleri çagyrmak we logistiki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin onarlarça ýurt bilen gepleşik geçirmäge başlady.
Sammitiň Waşingtonda Parahatçylyk institutynda geçirilmegine garaşylýar.
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahunyň sammitden 1 gün öň 18-nji fewralda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Binýamin Netanýahu Trampyň Ysraýylyň hökümetiniň Parahatçylyk geňeşine gatnaşmaklary üçin beren çakylygyny kabul etdi emma heniz düzgünnama gol çekmedi.
Netanýahu sammite gatnaşan halatynda bu Hamasyň 7-nji oktýabrda guran hüjüminden we Ysraýylyň Gaza garşy başladan hüjümlerinden soň Arap we musulman ýurtlaryň liderleri bilen uly halk köpçüliginiň öňünde geçirjek ilkinji duşuşygy bolar.
Ak Tam sammit hakynda giňişleýin maglumat bermekden gaça durdy.