Nigeriýanyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Borno sebitinde terror guramasy Boko Haram tarapyndan mekdebe guralan hüjümde köp sanly okuwçy zamun alyndy.
Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine görä, Boko Harama agza terrorçylar Borno sebitiniň Lassa etrapçasynda ir ertir bir mekdebe hüjüm gurady. Gurama tarapyndan birnäçe okuwçy zamun alyndy.
Borno sebitiniň Içeri işler müdürliginiň metbugat sekretary Nahum Kennet Daso, hüjümde bir mugallymyň ýogalandygyny, birnäçe okuwçynyň hem zamun alynandygyny aýtdy.
Nigeriýanyň Ýaragly güýçleriniň terror guramasyna garşy operasiýa başladandygy nygtaldy.
Operasiýanyň çäginde terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 1 esgeriň ýogalandygy ýatladyldy.
Terrorçylar tarapyndan zamun alynanlardan 10 okuwçynyň halas edilendigi bellenildi. Okuwçylaryň saglyk ýagdaýynyň gowydygyna üns çekildi.
Hüjümçileriň tussag edilmegi we zamun alynan beýleki okuwçylaryň boşadylmagy üçin operasiýalaryň dowam edýändigi ýatladyldy.
Nigeriýada 2000-njy ýyllaryň başyndan bäri iş alyp barýan Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri guraýan terrorçylykly hüjümlerinde onmüňlerçe adam ýogaldy.
Terror guramasynyň 2015-nji ýyldan bäri ýurduň serhet goňşulary Kamerunda, Çatda we Nigerde guraýan hüjümlerinde azyndan 2 müň adam ýogaldy.
Ýurtda terrorçylykly hüjümler we çaknyşyklar sebäpli ýüzmüňlerçe adam ýaraşaýan ýerini terk etdi.














