DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ýekaterinburgyň golaýynda bolan partlamada rus dron öndüriji kärhanasynyň başlygy agyr ýaralandy
“Uraldronzawodyň” baş direktory Wladimir Tkaçuk awtoulagynda bolan partlamadan soň reanimasiýa bölümine ýerleşdirildi; resmiler partlamanyň sebäbini entek anyklap bilmediler
Ýekaterinburgyň golaýynda bolan partlamada rus dron öndüriji kärhanasynyň başlygy agyr ýaralandy
Ýekaterinburgyň golaýynda bolan partlamada rus dron öndüriji kärhanasynyň başlygy agyr ýaralandy

Russiýanyň döwlet metbugatynyň habaryna görä, çarşenbe güni Russiýanyň merkezindäki Ýekaterinburg şäheriniň golaýynda rus dron öndüriji kärhanasynyň başlygynyň awtoulagynda bolan partlamada agyr ýaralandy.

TASS habarlar agentligi Adatdan daşary ýagdaýlar gulluklaryna salgylanyp, “Uraldronzawodyň” baş direktory Wladimir Tkaçugyň hassahana ýerleşdirilendigini we reanimasiýa bölümindedigini habar berdi.

Adatdan daşary ýagdaý gullugynyň resmisi TASS-a beren beýanatynda: "Onuň ýagdaýy agyr we ol reanimasiýada. Lukmanlar onuň janyny halas etmek üçin tagalla edýärler" diýdi.

Partlamanyň sebäbi entek anyklanmady we Russiýanyň resmileri onuň bilkastlaýyn hüjüm bolup-bolmandygy barada hiç hili beyanat bermedi we Ukrainany günäkärlemedi.

“Uraldronzawod” rus güýçleri tarapyndan ulanylýan “Upyr” birinji şahys görnüşli uçarmansyz howa ulagy (FPV) ýaly howa ulgamlaryny işläp düzýär we öndürýär.

Urşuň başlamagyndan bäri Russiýanyň köp sanly ýokary derejeli harby resmileri we Russiýanyň goranmak senagaty bilen baglanyşykly şahslary bombaly hüjümlerde we beýleki hüjümlerde nyşana alyndy, Moskwa bolsa bu hüjümleriň aglabasynyň jogapkäriniň Ukrainadygyny beyan edýär.