Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Pentagon ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Tähran bilen geçirjek parahatçylyk gepleşikleri meselesini ara alyp maslahatlaşdy.
Pentagon harby alternatiwleri artdyrmak maksady bilen Ýakyn Gündogara goşmaça 10 müň esger ugratmagy meýilleşdirýär.
Goranmak ministrliginiň resmileri goşmaça harby toparyň pyýada bölümleri we sowutly ulaglary öz içine alýandygyny mälim etdi.
Goşmaça harby topar sebite ugradylan 5 müň adamlyk pyýada bölümiň hatarynda ýer alar.
Esgerleriň nirä orandyryljakdygy meselesi ňäbelli bolmagynda galýar.
Resmiler goşmaça harby toparyň Eýranyň nebit eksportunda esasy orun eýeleýän Harg adasynyň golaýyna ornaşdyryljakdygyny mälim etdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýaranlarynyň goldawy bolmazdan hem Ormuz bogazyny açmagy maksat edinýändigini nygtady.
Ak Tamyň metbugat sekretary Anna Kelly, “Esgerleriň ornaşdyrylmagy baradaky karar Söweş ministrligi tarapyndan kabul ediler” diýdi.





















