Eýranyň hökümeti anna güni ýurtda gündelik durmuş şertleriniň agyrlaşmagyna garşy geçirlen we müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan we soňra hökümete garşy ýörişlere öwrülen protestlaryň sebäbini öwrenmek üçin derňew komissiýasynyň döredilendigini mälim etdi.
Eýranyň hökümetiniň metbugat sekretary Fatemek Mohažerani, ýerli ISNA habarlar gullugyna beren beýannamasynda “Komissiýada degişli guramalaryň wekilleri ýer alýar. Komissiýa waka bilen arabaglanşykly subutnamary bir ýere jemlär we şaýatlary diňlär” diýdi.
Fatemek Mohažerani “Komissiýa öz işini tamamlandan soň netijesi hakynda ýörite habarnama taýarlar. Habarnama halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirler we kazyýet işi gozgalar” diýdi.
Penşenbe güni hökümetiň internet saýtynda berlen habarda Prezident Mesud Pezeşkiýanyň “Wakalaryň sebäbini anyklamak üçin ýörite topar döretdik” diýen sözlerine ýer berlipdi. Emma mesele hakynda giňişleýin maglumat berilmedi.
Eýranda dekabr aýynyň ahyrynda başlan we 8-nji ýanwarda has-da möwjän wakalarda resmi görkezijilere görä 3 müňden gowrak adam ýogaldy.
Eýranly ýolbaşçylar protest ýörişlerinde ýogalanlaryň esasy böleginiň Ysraýyl we ABŞ üçin işleýän terrorçylar tarapyndan öldürlen howpsuzlyk güýçlerinden ýada asuda ilatdan ybaratdygyny mälim etdi.
Merkezi ABŞ-da ýerleşýän Adam hukuklary gullugy HRANA, protest ýörişllerinde azyndan 7 müň 5 adamyň ýogalandygyny öňe sürýär.













