DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hytaýyň Tibet awtonomiýasynda 7 bal ululygynda bolan ýer titremesi 16 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy
Gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýän sebitde ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyndan howatyrlanýarlar.
Hytaýyň Tibet awtonomiýasynda 7 bal ululygynda bolan ýer titremesi 16 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy
Hytaýyň Tibet awtonomiýasynda 7 bal ululygynda bolan ýer titremesi 16 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy

Hytaýyň Tibet awtonomiýasynda düýn gije bolan 7 bal ululygyndaky ýer titremesi ilkinji maglumatlara görä azyndan 16 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy.

“Şinhua” habarlar agentliginiň habaryna görä, ýer titremesiniň merkezi Tibet awtonom etrabynyň Nakçu welaýatynyň Baçen etrabynda 300-den gowrak öý weýran boldy.

Ýer titremede ilkinji habarlara görä 16 adam ýogaldy, 32 adam ýaralandy.

Tebigy apatyň bolan sebite 300 polisiýa işgäri we 347 ýangyn we halas ediş işgärleri iberildi.

Ýaralanan adamalryň 11-siniň ýagdaýy agyr bolmagynda galýar, ýeňil ýaralanan 21 adam bolsa hassahanalarda bejergi aldy.

Gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýän sebitde ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Tibetiň Şygatsy welaýatynyň Tingri etrabynda 6,8 bal ululygynda bolan ýer titremesinde bolsa 120 adam ýogalypdy.