Pentagon Eýran söweşi sebäpli Ukraina berilýän harby kömekleri Ýakyn Gündogara gönükdirer

Ýakyn Gündogara gönükdiriljek ýaraglaryň arasynda NATO-nyň çäginde satyn alynan howa goranyş ulgamlary hem ýer alýar.

By
Pentagon Eýran söweşi sebäpli Ukraina berilýän harby kömekleri Ýakyn Gündogara gönükdirer / Reuters

“Waşington Post” gazetiniň berýän habaryna görä, Pentagon Eýran söweşi sebäpli Ukraina üçin bölünip berlen ýaraglary Ýakyn Gündora ugratmagy meýilleşdirýär.

Habarda Ukraina berilmegi meýilleşdirlen emma Ýakyn Gündogara ugradyljak ýaraglaryň arasynda geçen ýyl hyzmatdaş ýurtlaryň Ukraina üçin satyn alan howa goranyş ulgamlarynyň hem ýer alýandygy nygtaldy.

Pentagon ýaragyň we harby enjamyň Ýakyn Gündogara ugradylmagy meselesinde heniz karar kabul etmedi.

Hünärmenler Eýrana garşy söweşiň dowam etdirilmegi üçin bu kararyň möhümdigini nygtaýar.

Trampyň adminstrasiýasy Pentagonyň Ukraina berýän ýaraglarynyň esasy bölegini kesdi, häzirki çeşmeleriň başga ugra gönükdirilmegi bolsa Ukrainanyň işini kynlaşdyryp biler.

Pentagon tarapyndan berlen beýannamada, Goranmak ministrliginiň Amerikan güýçleriniň we ýaranlarynyň söweşmek we ýeňiş gazanmak üçin zerur bolan ähli ady üpjün etjekdigi nygtaldy.

Amerikaly resmä görä, häzirki wagtda Ýewropa ýurtlary Ukraina harby taýdan kömek berýär we NATO arkaly Ukraina 4 million dollarlyk kömek bermegi wada berdi.