Ysraýylyň ykdysadyýeti Gaza genosidi sebäpli iki ýylda 57 milliard dollar ýitirdi
Ysraýylyň Merkezi bankynyň görkezijileri, Ysraýylyň Gazadaky genosid we sebitara çaknyşyklar sebäpli ykdysady taýdan uly ýitgi çekýändigini görkezýär.
Bloombergiň berýän habaryna görä, Ysraýylyň ykdysadyýeti Gazada iki ýyldan bäri dowam edýän genosid söweşi sebäpli 57 milliard dollardan gowrak ýitgi çekdi.
Ysraýylyň Merkezi bankynyň 2025-nji ýylyň görkezijileri hakyndaky habarnamasynda 2023-2025-nji ýyllarda ykdysady taýdan 57 milliard dollardan gowrak ýitgi çekildi. Ysraýyl iki ýylda ykdysady taýdan177 milliard şekellik ýitgi çekdi.
Ysraýylyň Gazadaky genosid söweşi we Liwana guraýan hüjümleri sebäpli ýitgi çekendigi nygtaldy.
Habarnamadaky görkezijiler Ysraýylyň 4 hepdeden bäri Eýrana guraýan hüjümleriniň ykdysadyýete ýetirýän oňaýsyz täsirlerini öz içine almaýar.
Ysraýylyň söweş kabineti üstümizdäki aýyň başynda söweşi gönükdirmek üçin 13 milliard dollarlyk goşmaça bujeti öz içine alýan 2026-njy ýylyň döwlet bujetini tassyklady.
Ysraýyly berk tankyt edýän ÝB-ne agza 8 ýurda edilen eksport 2024-nji ýylda 1 milliard dollar, 2025-nji ýylda bolsa 1,5 milliard dollar azaldy.
Muňa garamazdan Ysraýylyň beýleki ýurtlar bilen edilýän söwda gatnaşyklary aýtdy.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Gaza garşy başladan genosid söweşinde 72 müňden gowrak palestinli ýogaldy, 172 müň adam hem ýaralandy.
Ysraýyl Gazanyň 90 göterimini harabalyga öwrüldi.