DÜNÝÄ
1 minut okamak
Pakistan Saud Arabystanynyň howpsuzlygyna şertsiz goldaw berýär
“Saud Arabystanly doganlarymyza ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam ederis”
Pakistan Saud Arabystanynyň howpsuzlygyna şertsiz goldaw berýär
Pakistan Saud Arabystanynyň howpsuzlygyna şertsiz goldaw berýär

Pakistanyň harby goşunynyň metbugat sekretary Ahmed Şerif Çaudry, ýurdunyň Saud Arabystanynyň howpsuzlygy üçin ähli taraplaýyn goldaw berjekdigini mälim etdi.

“Arab Nýus” kanalyna beýannama beren Çaudry, Ýemendäki Husileriň Saud Arabystanyna guran hüjümleri barada durup geçdi.

Çaudry “Pakistan ähli taraplaýyn Saud Arabystanyna goldaw berýär. Haram metjidiniň, Nebewi metjidiniň we Saud Arabystanynyň howpsuzlygy üçin ähli taraplaýyn tagalla ederis. Saud Arabystanly doganlarymyzyň talap eden we zerur görýän ähli kömegini bereris” diýdi.

Pakistanyň halkynyň Saud Arabystanyndaky doganlary bilen birlikde hereket edýändigine ünsi çeken Çaudry “Gysgaça aýdanymyzda biz bärde we Saud Arabystanyny ähli hüjümlere garşy goramaga dowam ederis” diýdi.

Husileriň Saud Arabystanyna guraýan hüjümleri

Ýemendäki Husiler, soňky günlerde Saud Arabystanyna garşy guraýan dron we raketa hüjümlerini artdyrdy.

Husiler 16-njy sentýabrda Saud Arabystanynyň Ýanbu şäherinde ýerleşýän Aramko desgasy bilen birlikde Hamis Muşaýt howa bazasyna ballistiki raketa we dron hüjümini gurandygyny mälim edipdi.

Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky Arap Koalisiýasy bolsa Husileriň Hamis Muşaýt, Abha we Taif şäherlerine guran raketa we dron hüjümlerinde asuda ialtdan 13 adamyň ýaralanandygyny, 7 öýe we 2 ulaga zeper ýetirlendigini mälim edipdi.

Saud Arabystanly ýolbaşçylar 16-njy sentýabrda Mekge şäheriniň howa giňişligine girmäge çalşan dronyň howa goranyş ulgamlary arkaly hatardan çykarlandygyny aýan etdi.

 

 

 

Öwren
Paşinýan: Azerbaýjan bilen parahatçylyk Ermenistanyň dowamlylygynyň esasyny emele getirer
Pakistanda ýolagçy otlusynyň relsden çykmagy netijesinde bäş adam ýogaldy
ABŞ-nyň prezidenti Tramp Hytaýyň we Russiýanyň Eýrana kömek edýändigine ynanmaýandygyny aýtdy
Yrakda terror guramasy DEAŞ-a degişli pozisiýa hatardan çykaryldy
Saud Arabystanynda Şa Halid howa menziline guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Türkiýe, Müsür, Pakistan we Saud Arabystany bilelikdäki beýanatda Husileriň hüjümlerini ýazgardylar
Zelenskiý Russiýanyň ylalaşygy kabul eden halatynda, Ukrainada saýlawlaryň geçiriljekdigini aýtdy
Riýad howa menzilinde guralan hüjümde 12 adam ýogaldy, 309 adam ýaralandy
ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde dokuz adam ýogaldy
Kreml: Putin Eýranyň çaknyşygy çözmek bilen bagly beren teklibini Trampa ýetirdi
Russiýa Odessa portuna harby ýükleri alyp barýan ýük gämisine hüjüm gurandygyny habar berdi
Panamada ýer titremesinden soň uly betbagtçylyk yglan edildi
Nobeliň Parahatçylyk baýragy halkara hukugy boýunca işleri üçin Nawi Pillaýa berildi
Ukraina BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly maslahatyny çagyrdy
Meksikada tussaghanada bolan gozgalaňda 10 adam öldi, 16 adam ýaralandy
ABŞ-nyň Eýran urşunda 81 harby uçary ýitdi ýa-da düýpli zeper ýetdi
BMG: El Nino Ýuwaş ummanyndaky ýylylygy rekord derejelere ýetirip biler
Fransiýada protestler dowam edýär
Trampyň aralyk saýlawyndan öň Eýrana garşy harby operasiýa geçirmegi meýilleşdirýändigi öňe sürüldi
Husiler Saud Arabystanynyň howa menzillerine we harby bazalaryna hüjüm gurandyklaryny habar berýär