BMG-nyň Gaza kararynyň gyssagly kabul edilmegi talap edildi
Katar, Müsür, Birleşen Arap Emirlikleri, Indoneziýa we Iordaniýa BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň gün tertibine getirlen karara goldaw berýändiklerini mälim etdi.
ABŞ, Türkiýe, Müsür we Saud Arabystany bilen birlikde musulman we arap ýurtlary BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň gün tertibine getirlen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan teklip edilen parahatçylyk meýilnamasynyň gyssagly kabul edilmegi barasynda çagyryş etdi.
Berlen bilelikdäki beýannamada “ABŞ, Katar, Müsür, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany, Indoneziýa, Pakistan, Iordaniýa we Türkiýe hökmünde, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň gün tertibine getirlen meýilnama doly goldaw berýäris we degişli kararyň gyssagly kabul edilmegini talap edýäris” diýildi.
ABŞ geçep hepde 15 agzalyk Howpsuzlyk geňeşinde iki ýyldan bäri Ysraýylyň Gazada edýän genosidiniň bes edilmegini göz öňünde tutýan Trampyň meýilnamasyna goldaw berilmegi üçin gepleşik etabyny başladypdy.
Meýilnama diňe Ysraýylyň we Palesiniň arasynda däl eýsem tutuş sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin amatly mümkinçilik hödürleýär.
Karar taslamasynda Gaza üçin 2027-nji ýylyň ahyryna çenli iş alyp barçak wagtlaýyn dolanşyk organy bolan Parahatçylyk geňeşiniň gurulmagyna kanagatlanma bildirilýär.