DÜNÝÄ
1 minut okamak
Pakistanda ýolagçy otlusynyň relsden çykmagy netijesinde bäş adam ýogaldy
Pakistanyň Demirýollarynyň otly we demirýol liniýalarynyň tehniki hyzmatynda we onuň gurluşyk meselelerinde biperwaýlygy bilen baglanyşykly aladalar artdy.
Pakistanda ýolagçy otlusynyň relsden çykmagy netijesinde bäş adam ýogaldy
Pakistanda ýolagçy otlusynyň relsden çykmagy netijesinde bäş adam ýogaldy

Pakistanda ýolagçy otlusynyň relsden çykmagy netijesinde 5adam ýogaldy, 30 adam ýaralandy.

“Dawn” gazetiniň habaryna görä, Peşawara barýan ýolagçy otlusy Multan sebitindäki stansiýanyň golaýynda heniz belli bolmadyk sebäp bilen relsden çykdy.

Pakistanyň Demirýollary edarasynyň metbugat wekili gazete beren interwýusynda heläkçilikde bäş adamyň ýogalandygyny we 30-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Otlynyň sürüjisi Rizwan Abbas ýolagçy otlusynyň sagatda 100 kilometr tizlikde hereket edýändigini aýtdy.

“Geo News” kanalynyň habaryna görä, halas ediş toparlary ýolagçylaryň 13 wagondan çykarylandygyny, bir wagonda işleriň dowam edýändigini habar berdiler.

Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif hem ýaralanan ýolagçylaryň ýagdaýy barada alada bildirip, halas ediş işleriniň çaltlaşdyrylmagyny we ýaralananlara tiz wagtda zerur lukmançylyk kömeginiň berilmegini tabşyrdy.