TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiyäniň Prezidenti Saud Arabystanyna sapar gurar
Erdoganyň sapary Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerifiň ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitleýin wakalar, şol sanda ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky araçylyk tagallalary barada gepleşikler geçirmek üçin Saud Arabystanyna barýan wagtyna gabat geldi.
Türkiyäniň Prezidenti Saud Arabystanyna sapar gurar
Türkiyäniň Prezidenti Saud Arabystanyna sapar gurar

Türkiye Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň anna güni Saud Arabystanyna bir günlük iş saparyny amala aşyrjakdygyny mälim etdi.

Duran penşenbe güni Türkiyäniň NSosyal sosial media platformasyndan beren beýanatynda, Erdoganyň saparyň dowamynda Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy we premýer-ministri Muhammed bin Salman bin Abdulaziz Al Saud we Pakistanyň premýer-ministri Şahbaz Şerif bilen duşuşmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Beýleki tarapdan bolsa Şerif iki taraplaýyn hyzmatdaşlyk we sebitleýin wakalara bagyşlanan üç günlük sapar bilen Saud Arabystanyna bardy.

APP-niň maglumatyna görä, Şerifiň Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed bin Salman bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ýollaryny ele almagy we sebitleýin we halkara wakalary ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirilýär.

Saud Arabystany we Pakistan sebitdäki dartgynlyk döwründe gol çekilen ikitaraplaýyn goranyş ylalaşygyna laýyklykda ýakyn goranyş gatnaşyklaryny saklaýarlar.

Bu sapar Yslamabadyň Waşington bilen Tähranyň arasyndaky araçylyk tagallalaryny dowam etdirýän wagtyna gabat geldi.

Öwren
Woleýbolçy gyzlar ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy
Stambulyň golaýynda iki söwda gämisi kakyşdy
Prezident Erdogan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitine gatnaşar
Prezident Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi
Türkiýe Gara deňizde gämilere guralan hüjümler sebäpli Ukrainanyň ilçisini çagyrdy
Daşary işler ministrligi: Halkara jemgyýetçiligi Netanýahu hökümetiniň ýalanlaryna ynanmaýar
Ukrainanyň Ankaradaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy
Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Keçeli Gresiýa bilen bagly beýanat berdi
Türkýäniň polat önümçiligi iýul aýynda 7 göterim artdy
MGM: “SDG-nyň dargamagy, möhüm wakadyr”
Türkiýe we Siriýa Damaskda 10 milliard dollarlyk söwda maksadyny ara alyp maslahatlaşdy
Prezident Erdogan Beýik hüjümiň 104-nji ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi
Erdogan Ýewfrat galkany operasiýasynyň 10 ýyllygy bilen baglanyşykly ýüzlenme çap etdi
Türkiýe bilen Siriýanyň arasynda magdançylyk ugrunda strategik hyzmatdaşlyk
Göljükde “Mawy Watan” Togunşygy: TEHNOFEST-e Ýüztutmalar Başlady
Prezident Erdogan 17-nji awgust ýer titremesinde ýogalanlary hatyralady
Türkiýäniň 17 ýaşyna ýetmedik Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy kümüş medal aldy
Raketa öndürmek üçin Türkiýä ýüz tutulyp bilner
Alihan Kuriş jenaýat toparyna operasiýa geçirildi
Türkiýe Aý enjamyny 2027-nji ýylyň ilkinji aýlarynda kosmosa uçurar