Kaliforniýanyň gubernatory Gavin Newsom ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň gümrük salgytlaryna garşy çäre hökmünde ştatyň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen özbaşdak söwda şertnamalaryny baglaşmagy nazarda tutýandygyny mälim etdi.
Newsom anna güni eden çykyşynda şeýle diýdi: “Kaliforniýa Waşington däl. Donald Trampyň gümrük salgytlary amerikalylaryň ählisiniň adyndan hereket etmeýär, esasanam dünýäde ykdysady taýdan bäşinji orunda durýan Kaliforniýada meniň wekiliçilik edýän adamlarymyň adyndan hem däl.”
ABŞ-na Hytaýdan getirilýän harytlaryň esasy bölegi Kaliforniýanyň portlaryndan geçýär, ştat şeýle hem Meksika we Kanada bilen möhüm söwda gatnaşyklaryna eýe.
Bu üç ýurt – ýagny Hytaý, Meksika we Kanada – Kaliforniýanyň importynyň 40 göterimini üpjün edýär we şol bir wagtyň özünde ştatyň iň köp eksport edýän ýurtlarynyň hatarynda durýarlar.
Trampyň Syýasatlaryny Aşmak
Newsom ýazmaça beýanatynda şeýle diýdi:
“Altyn Ştat, Waşingtondan gelen durnuksyzlyga garamazdan geljek nesiller üçin durnukly we ygtybarly hyzmatdaş bolmaga dowam eder.”
Emma Newsom Trampyň proteksionist söwda syýasatlaryny nähili aşjakdygy barada jikme-jik maglumat bermedi.
57 ýaşyndaky Newsom 2026-njy ýylda wezipe möhleti çäklendirmesi sebäpli gubernatorlyga täzeden dalaş edip bilmeýär. Syýasy gelejegi entek näbelli bolup galýan hem bolsa, ol Demokrat partiýanyň 2028-nji ýyldaky prezident saýlawlary üçin potensial dalaşgärleriniň biri hökmünde görülýär.
Tramp şu hepde başladan we 1930-njy ýyllardan bäri görülmedik täze söwda hüjümi bilen global derejede gümrük salgytlaryny girizdi. Bu ýagdaý bazarlaryň rekord derejede aşaklamagyna we jogap salgytlarynyň girizilmegine sebäp boldy.
Trampyň gümrük hakyndaky soňky kararlary bilen birlikde Hytaýdan getirilýän önümlere girizilen umumy salgydyň mukdary 54 göterime, Ýewropa Bileleşiginden gelýän harytlarda bolsa 20 göterime çenli ýokarlandy.
Anna güni Hytaý, häzirki gümrük salgytlaryna goşmaça 10-njy aprelden başlap güýje girjek görnüşde Amerikan harytlaryna 34 göterim goşmaça salgyt girizjekdigini mälim etdi.
Newsom X platformasynda beren habarnamasynda: “Trampyň gümrük urşunda biz çetde durmarys,” diýip belledi.
Takmynan 40 million halky bilen ABŞ-nyň iň köp ilatly ştaty bolan Kaliforniýa, ýurduň ykdysadyýetiniň 14 göterimine eýe. Eger ol garaşsyz ýurt bolan bolsady, dünýäniň ykdysady taydan bäşinji ýurdy bolardy.
Tehnologiýa dünýäsiniň merkezi hasaplanýan Kaliforniýa ABŞ-nyň iň iri önümçilik we oba hojalyk ştaty hökmünde hem tanalýar.
Ýanwar aýynda Los Anjelesi ýakyp küle öwüren ýangynlardan soň gaýtadan dikeldiş döwründe esasan daşary ýurtlardan satyn alynýan tagta, polat, alýumin we gipsokarton ýaly gurluşyk materiallarynyň gümrük salgytlary sebäpli hasam gymmatlamagy, ştatyň dikeldiş işlerini kynlaşdyryp biler.
den alada edýär.








