Syýasy, ykdysadyýet we jemgyýetçilik derňewleri gaznasy (SETA) pikir merkezi çarşenbe güni Ankarada Türkiye-Indoneziýa hyzmatdaşlyk forumyny geçirdi. Forum ikitaraplaýyn gatnaşyklara we sebit meselelerine bagyşlandy.
Türkiye bilen Indoneziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 75 ýyllygy mynasybetli guralan bu forum iki bölümden ybarat bolup, oňa iki ýurduň diplomatlary, alymlary we býurokratlary gatnaşdy.
Türkiyäniň Söwda ministriniň orunbasary Mustafa Tuzju açylyş dabarasynda hyzmatdaşlyk forumynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde “täze öwrülişik nokady” boljakdygyny aýtdy.
Tuzju, dünýä ykdysadyýetinde bolup geçen “düýpli üýtgeşmelere” garamazdan, Türkiye we Indoneziýa, G20 agzalary hökmünde güýçli çydamlylyk görkezendiklerini we ösüş depginlerini saklamagy başarandyklaryny aýtdy.
Tuzju, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň birleşiginiň (ASEAN) iň uly ykdysadyýeti bolan Indoneziýanyň sebit merkezine öwrülmeginiň we global gymmatlyklar zynjyryna has köp integrasiýa bolýandygyny aýtdy.