SYÝASAT
2 minut okamak
Ukraina Floridada netijeli gepleşikler geçirdi
Taraplar tarapyndan berlen bilelikdäki beýannamada “Ukraina Floridada netijeli gepleşikler geçirdi” diýildi.
Ukraina Floridada netijeli gepleşikler geçirdi
Ukraina Floridada netijeli gepleşikler geçirdi / Reuters
Duş 14 Ýek

ABŞ-nyň we Ukrainanyň arasynda geçirlen gepleşiklerde 20 maddalyk meýilnama ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar tarapyndan berlen bilelikdäki beýannama görä, Ukraina 4 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin edilýän tagallalaryň çäginde ABŞ-nyň Florida ştatynda Amerikaly we Ýewropaly ýaranlary bilen netijeli gepleşikler geçirdi. 3 gün dowam eden gepleşikleriň netijeli geçendigi bellenildi.

ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkofyň ýekşenbe güni X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Ukrainanyň wekiliýeti Amerikaly we Ýewropaly ýaranlary bilen netijeli gepleşikler geçirdi” diýildi.

3 gün dowam eden gepleşiklerde 20 maddalyk parahatçylyk meýilnamasy, Ukraina üçin köp taraply hem-de ABŞ-nyň howpsuzlyk kepilliginiň çäginde pozisiýalarynyň utgaşykly ýagdaýa getirilmegi we ýurduň ykdysady galknyşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bilelikdäki beýannamada Ukrainanyň howpsuzlygyň kepilendirilmegine we dikeldişe, durnukly we uzak möhletli abadançylyk şertleriniň ýola goýulmagy uly ähmiýet berýändigi bellenildi.

Beýannamada “Parahatçylyk diňe çaknyşyklaryň bes edilmegi bolman eýsem şol bir wagtda durnuklylygyň ýola goýulmagynyň özenini emele getirýär” diýildi.

Parahatçylyk çarçuwasy

Bilelikdäki beýannamada, Ukrainanyň ABŞ-nyň liderligine we berýän ýokary goldawyna kanagatlanma bildirýandigi nygtaldy.

Bu gepleşik parahatçylyk çarçuwasyna gönükdirlen birnäçe gepleşigiň soňky halkasydyr.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň wekilleri geçen hepdäniň ahyrynda we hepdäniň başynda Germaniýada ukrainaly we ýewropa ýolbaşçylar bilen gepleşikler geçiripdi.

ABŞ-nyň we Ukrainanyň wekilleri noýabr aýynda Ženewada geçiren gepleşiginde parahatçyk şertnamasy boýunça ýörite taslama taýarlapdy.

ABŞ-nyň ýörite wekili Witkof bilen Trampyň giýewsi Kuşner taslamany 2-nji dekabrda paýtagt Moskwada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine hödürläpdi.

Soňky gezek ABŞ-nyň we Ukrainanyň wekilleri Florida ştatynda gepleşik geçirdi.

Taraplary gepleşigi “netijeli” hökmünde häsiýetlendirdi.

Beýleki tarapdan Russiýanyň Prezidenti Putiniň ýörite wekili Kirill Dmitriýew hem ABŞ-nyň wekilleri bilen duşuşmak üçin Maýami ştatyna gitdi.