MHG-nyň gizlin maglumatçysy masgaraçylykly wakaralar bilen ýatlanýan ozalky maliýeleşdiriji we jynsy jenaýatçy Jeffri Epşteýniň Ysraýylyň içalysy bolandygyna ynanýandygyny aýtdy. Bu maglumat ABŞ-nyň Adalat ministrligi tarapyndan geçen hepde çap edilen millionlarça sahypadan ybarat bolan hökümet resminamalarynyň arasynda bar.
Resminamada gizlin maglumat çeşmesi (CIS) hökmünde görkezilen içalynyň Epşteýniň aklawçysy Alan Derşowis bilen Florida ştatynyň Günorta böleginiň şol wagtky prokurory Aleks Akostanyň öz müşderisiniň "ABŞ-nyň we ýaran aňtaw gulluklaryna degişlidigini" aýdandygy öňe sürülýar. Resminamada şeýle diýilýär: "CHS Derşowis bilen Epşteýniň arasyndaky telefon söhbetdeşlikleriniň ýazgylaryny paýlaşdy we söhbetdeşligiň dowamynda bellik etdi.” Mossad bu söhbetdeşliklerden soň maglumat ýgnamak üçin Derşowis bilen habarlaşdy. Epşteýn Ysraýylyň öňki Premýer-ministri Ehud Barak bilen ýakyn gatnaşyk edýärdi we onuň ýanynda içaly hökmünde tälim aldy. Resminamada beýan edilmegine görä Barak "(Ysraýylyň Premýer-ministri) Benýamin Netanýahuny jenaýatçy hasaplaýardy" we içaly Ysraýyl hem öz içine alýan sebitleýin bäsdeşlik şertlerinde "Epşteýniň Mossad tarapyndan işe alnan içalydygy netijesine geldi.”
Resminamada "ozalky habarlara serediň" diýlen bellik bar, ýöne onuň haýsy habara degişlidigi belli däl.
Maglumat beriji şeýle hem MHG-na, Derşowisiň: "Eger ol ýaş bolan bolsady, Ysraýylyň howpsuzlyk gullugynyň (Mossad) içalysy hökmünde elektroşok enjamyny götererdi" diýendigini aýtdy.
Resminama şeýle jemlenýär: "CHS Derşowisiň Mossad tarapyndan işe alnandygyna we öz missiýasyna ygrarlydygyna ynanýardy". Adalat ministrliginiň Epşteýn bilen baglanyşykly çap eden soňky resminamalarynda Derşowis we syýasy hem-de maliýe elitanyň beýleki köp sanly tanymal şahsyýetleri bar.
Epşteýn 2019-njy ýylda Nýu-Ýork şäherindäki tussaghanada jynsy zorluk aýyplamalary boýunça kazyýet işine garaşýarka öli ýagdaýda tapyldy.
Ol 2008-nji ýylda Floridanyň kazyýetinde günäsini boýun aldy we kämillik ýaşyna ýetmedik adamy jelepçilige çekmekde we jelepçilik toparyny dolandyrmakda günäli tapyldy; ýöne, Baş prokuror Akosta tarapyndan gazanylan ylalaşyk “mylaýym ylalaşyk" hökmünde häsýetlendirilýär.
Onuň pidalary Epşteýniň baý we güýçli syýasy şahslaryň gatnaşmagyndaky uly jynsy zorluk ulgamyny dolandyrandygyny öňe sürdüler.
Epşteýn işiniň tgerimi giňeýär
Şol bir wagtyň özünde tehnologiýa milliarderi Bill Geýts Adalat ministrliginiň resminamalarynyň Epşteýniň belli adamlar bilen gatnaşyklaryny ýüze çykarmagyndan soň, Epşteýn bilen geçiren "her minudy" üçin ökünýändigini aýtdy. Interwýuda "Microsoftyň” esaslandyryjysy jenaýat işine jynsy jenaýatçy Epşteýn bilen ozalky gatnaşyklary üçin ötünç sorady we Epşteýne degişli edilen taslama e-poçtasynda görkezilen "nikadan daşary gatnaşyklar" baradaky aýyplamalary ret etdi.
Geýs e-poçtanyň ýalandygyny we özüne iberilmedigini öňe sürdi.
Geýsiň öňki aýaly Melinda Frenç Geýs resminamanyň çap edilmeginiň gynançly günleri gaýtadan ýada salandygyny we Epşteýn bilen gatnaşyklary baradaky jogapsyz soraglara degişli taraplaryň jogap berilmelidigini nygtady.
Geýsler 2021-nji ýylda aýrylyşdylar.
Geýs 2011-2014-nji ýyllar aralygynda Epşteýn bilen birnäçe gezek duşuşandygyny, onuň global saglyk meseleleri üçin serişde ýygnamaga ýardam berip biljekdigine ynanýandygyny, emma onuň ýalňyşlykdygyny beýan edipdi.



















