DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ispaniýanyň günortasynda tokaý ýangynlary sebäpli azyndan 12 adam ýogaldy
Ispaniýanyň Almeria welaýatyny täsiri astyna alan ýangyn “deňi taýy görülmedik pajyga” hökmünde häsiýetlendirildi.
Ispaniýanyň günortasynda tokaý ýangynlary sebäpli azyndan 12 adam ýogaldy
Ispaniýanyň günortasynda tokaý ýangynlary sebäpli azyndan 12 adam ýogaldy

RTWE teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, Ispaniýanyň günortasynda ýerleşýän Andalusiýa sebitiniň Almeria welaýatynyň Los Gallardos etrabynda penşenbe güni başlan tokaý ýangynlary sebäpli azyndan 12 adam ýogaldy.

Gözleg we halas ediş toparlary gurbanlaryň bir böleginin goňşy Bedar etrapçasynyň kiçi ilatly ýerinde, bir böleginiň bolsa alawlaryň arasynda galan ulaglaryň içinde tapylandygyny habar berdi.

Andalusiýanyň Saglygy goraýyşdan we Adatdan daşary ýagdaýlardan jogapkär ministriň wekili Antoniu Sanz, ýangyny sebitde şu günkü güne çenli uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan ýangyn hökmünde häsiýetlendirdi we wakany “deňi taýy görülmedik pajyga” hökmünde kesgitledi.

Ispaniýanyň harby goşuny hem ýangyna garşy göreşe goldaw berýär.

Mesele hakynda berlen beýannamada ýangyna garşy göreşe 150 adamlyk harby toparyň goldaw berýändigi nygtaldy.

Ýangyn we tüsse sebäpli welaýatdaky ýollar gatnawa ýapyldy.

Malaga welaýatynda başlan tokaý ýangyny sebäpli 1000 adam başga ýere göçürildi.

 

 

 

Öwren
Prezident Erdoğan: Sebitiň meselelerini sebitiň öz ýolbaçylary çözmeli
Zimbabwede ýolagçy gämisiniň agdarylmagy netijesinde on bäş adam ýogaldy
Indoneziýada paromda bolan ýangyndan 144 ýolagçy we ekipažyň agzalary halas edildi
Pakistanyň içeri işler ministri Nakwi Tährana bardy
Russiýa Kiýewi ballistik raketalar bilen nyşana aldy
Kolumbiýada 7,4 bal ululygynda ýer titremesi boldy
Hindistanda aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli ýogalanlaryň sany 100 adama ýetdi
Tatarystana guralan dron hüjüminde 12 adam ýogaldy
Husileriň Al Muha guran hüjüminde 7 adam ýogaldy, 30 adam ýaralandy
Gresiýada 106 ýerde Palestine Azatlyk mitingi geçirildi
Rosatom: Rus hünärmenleri Eýranyň Buşehr atom elektrik bekedine gaýdyp barmaga başladylar
Russiýa: Ukrainanyň harby maksatlar üçin ulanan Odessa we Çornomorsk portlaryna hüjüm guradyk
Ukraina: Rus goşuny gije 17 raketa we 202 uçarmansyz howa ulagy bilen hüjümler gurady
Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerinde paýtagt Kiýewiň golaýynda 1-i çaga 3 adam ýogaldy
Taýlantda mekdebe guran hüjüminde azyndan 8 adamy öldüren hüjümçi öz janyna kast etdi
Husileriň guran hüjümlerinde Ýemeniň harby goşunyndan 58 adam ýogaldy
Sybiha, parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin liderleriň duşuşmalydygy nygtady
Liwanyň günortasynda bolan partlamada ysraýylly iki esger ýogaldy
Italiýada şu tomus aýlarynda 70 müň gektar ýer ýangyn sebäpli ýok boldy
Zelenskiý: Howa goranyş üçin üpjün edilen raketalar 2025-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3 esse azaldy