DÜNÝÄ
2 minut okamak
Azerbaýjan bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlyk ýokarlaýar
Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Bakuwyň Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde azerbaýjanly iki adamyň ýogalmagyna sebäp bolan wakanyň giň gerimli we obýektiw ýagdaýda derňelmegine garaşýandygy nygtaldy.
Azerbaýjan bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlyk ýokarlaýar
3 Iýul 2025

Azerbaýjan, geçen aýyň ahyrynda Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde guralan operasiýada iki raýatynyň göz tussaglygynda mahaly ýogalmagyndan son iki ýurduň arasyndaky dartgynlygyň ýokarlamagy sebäpli Russiýanyň Bakudaky ilçisini Daşary işler ministrligine çagyrdy.

Çarşenbe güni Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, ilçi Mihail Ýewdokimowyň Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Araz Azimow bilen duşuşandygy nygtaldy.

Duşuşykda Azimowyň  Bakuwyň, Russiýa tarapyndan bir gün ozal waka hakynda beren beýannamasyny kabul etmeýändigine ünsi çekendigi nygtaldy.

Beýannamada ýogalan iki azerbaýjanlynyň bedeninde gynamalaryň edilendiginiň anyklanylandygy bellenildi.

Beýannamada şeýle hem “Reýdler bilen baglylykda Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde etniki hoşniýetsizligiň alamatlarynyň ýüze çykandygy we azerbaýjanlylar hakynda “etniki jenaýat topary” ýaly sözleriň ulanylmagynyň kabul edilmesizdigi” nygtaldy.

Beýannamada, Azerbaýjanyň wakanyň giň gerimli we obýektiw ýagdaýda derňelmegine we jogapkärleriniň jezalandyrylmagyna garaşýandygy ýatladyldy. Azerbaýjanyň pozisiýasynyň Russiýanyň içerki işlerine goşulyşmak hökmünde görkezilmeginiň “esassyzdygy” bellenildi.

Azerbaýjan tarapyndan Sputnik habarlar gullugynyň Azerbaýjandaky merkezinde görlen degişli çäreler bilen arabaglanşykly rus tarapynyň beren beýannamasynyň asylsyzdygy nygtaldy.

Mundan başgada geçen ýylyň dekabr aýynda Gazagystanda başdan geçirlen we uçardaky 67 ýolagçyndan 38-niň ýogalmagynda sebäp bolan Azerbaýjanyň howa ýollaryna degili uçar heläkçiligi hakyndaky hakykatlaryň Russiýa tarapyndan ýoýulmaga synanşylýandygy öňe sürüldi. Azerbaýjanyň aç-açan derňew işiniň geçirilmegine garaşýandygy nygtaldy.

Beýannamada Russiýa, ýurtlarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklardaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin degişli çäreleriň görülmegi üçin çagyryş berildi.

Russiýaly ýolbaşçylar Azerbaýjanyň beýannamasy hakynda heniz hiç hili garaýyş beýan etmedi.

Sişenbe güni Russiýa Azerbaýjanyň ilçisini Daşary işler ministrligine çagyryp, Bakuwyň özara gatnaşyklara zeper ýetirmek maksady bilen “bilkastlaýyn hereket edýändigi” sebäpli protest notasyny beripdi.

27-nji iýunda Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde guralan operasiýada azerbaýjanyň iki raýatynyň ýogalmagy we duşenbe güni Russiýanyň Sputnik habarlar gullugynyň Azerbaýjandaky merkezine guralan operasiýada iki adamyň saklanmagy iki ýurduň arasynda dartgynlyga sebäp bolupdy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi