Salep: Osman döwründen biziň günlerimize gelip ýeten bir gyş ertekisi…

Birnäçe asyr mundan ozal Stambulyň köçelerinde bir adam gygyrardy: “Rahaty jan, sihhatul ebdan…” Ruh üçin rahatlanma, beden üçin sagdynlyk…

By
Salep: Osman döwründen biziň günlerimize gelip ýeten bir gyş ertekisi… / TRT Haber

Kapitan Kuk Ýuwaş ummana syýahatynda ýanyna 18 kilogram salep alypdy. Londonyň köçelerinde satyldy.

Orhideýanyň kökünden edilýän, gadymy Rimden biziň günlerimize gelip ýeten bu ajaýp gülün taryhyny bilesiňiz gelýärmi eýsem?

Salep: Osman döwründen biziň günlerimize gelip ýeten bir gyş ertekisi… Başlalyň…

Şu gün size Bosfor bogazynyň sowuk gyş gününde, bugly penjireleriň aňyrsynda we ençeme asyrlyk taryha eýe bolan näz-nygmatlardan biri hakda gürrüň bermekçi.

Kiçijik gyzjagazkam gyş aýlarynda gämä münenimde meniň üçin gyzykly bir sorag bardy. Gämi çaýkanyp, jaýdan çykýan bug daş-töwerege ýaýraýarka deňagramlylygymy ýitirme töwekgelçiligine garamazdan ynam bilen azyk bufedine baryp, tolgunmak bilen sorardym: “Agam, salep barmy?”

Çarlaklara çörek bermek tomus paslynyň sapasy… Emma ümürli, çygly, belkem garly bogaz panoramasyna gyzgyn penjireden syň edýärkäň gyzgynja salep içmek….Iİne gyş paslynyň ýatdan çykmaýan sapasy şudur.

Taryhyň käte asyrlar, hat-da müňlerçe ýyllar bilen kesgitlenýän şäheri bolan Stambulda, Anadoly diýarynda ýetişdirilýän orhideýalaryň köklerinden üwelip, taýýarlanylýan şu gyzgynja, datly, süýtli Osmanly nygmatynyň taryhy gadymy Rim döwrüne çenli uzap gidýär. Şol döwürlerde “satyrion” we “priapikskus” atlandyrylar ekeni.

Indi bolsa gözleriňizi ýumuň we ençeme asyr ozalky Eminönüniň dar, daşly köçelerini göz öňüne getiriň. Iki gyrasynda agaç Osmanly köşkleri… We bir adam heň bilen gygyrýar:

 “Rahati jan…. Sihhatul-ebdan… talimi nefaýis…”

Bu sözleriň manysy şeýle: “Ruh üçin rahatlyk, beden üçin sagdynlyk, süýji tejribe.” Ençeme asyrdan bäri dowam edýän nostalgiýa ýaly…

Fridrih Unger 1838-nji ýylda şol salep satygçylary hakynda giňişleýin maglumat berýär: “Şapak çagynda görünerdiler; sebäbi aşakky gatlaklar ertirlik naharynda bu içgiden içerdiler. Salebi gyzgyn saklamak üçin aşagy galyň küýzäniň içinde köz götererdiler. Billerinde galyň deri guşak, içinde stakanlar we üwelen zenzebil gutusy goýulýan aý biçüwli dar agaç gap ornaşdyrardylar.”

Köçe satygçylary Osman medeniýetiniň esasy bölegidi. Hat-da Osman patyşalary käte egin-eşigini çalşyp, bazara çykardy, olardan söwda ederdi we gözegçilik işlerini geçirerdi. Nyrhlary ýerliklsiz göteren, harydy kem ölçeýän ýa-da başga galplyk edenlerin hasaby soralardy.

Meşhur Osmanly jahankeşdesi Öwülýä Çelebiniň 1638-nji ýyldaky belliklerine görä, diňe Stambulyň özünde 200 sany mobil salep satygçysy bar ekeni. Emma olaryň meşhurlygy Osman serhetlerini aşýardy. Kapitan Jeýms Kuk 1768-nji ýylda Ýuwaş ummana syýahata çykmazyndan ozal gämisine 18 kilogram salep ýükläpdi. Singa hassalygynyň bejergisinde peýdalydygy çaklanylýardy. Iňlisler “saloop” ýa-da “salup” diýerdi şol güle. 17-18-nji asyrlarda Londonyň köçelerinde satyldy. Emma 19-njy asyrda kofäniň gelmegi netijesinde meşhurlygy azalýar.

 

Eýsem salep näme üçin şeýle halanýardy? Diňe bir rahatlandyryjy tagamy däl, saglyk taýdan hem peýdalary bardy. Günbatarda Awisenna hökmünde tanalýan 11-nji asyryň meşhur filosofy we lukmany Ibn Sina “Lukmançylygyň kanuny” atly kitabynda salebiň immuniteti güýçlendiriji, işdäni açyjy özbolyşlygynyň bardygyny, hat-da ýürek keselinden gutulmaga hem peýdalydygyny ýazypdyr. Bu eser Orta Asyr Ýewropasynda Rennesansa çenli lukmançylyk mekdeplerinde esasy ders hökmünde okadylypdy.

Geň hakykat: 1931-nji ýylda Türkiýedäki orta mekdep okuwçylaryna sagdynlyk üçin salep berilmegi hökümet tarapyndan girizilen düzgündi. 1970-nji ýyllara çenli salep dermanhanalarda-da satylmaga dowam etdi.

Salep, datlylaryň ýany bilen duzly naharlarda we aşhanadan daşgary ýerlerde-de peýdalanylýar. Häzirki wagtda salep gaýmakly doňdurmanyň esasy düzüm elementlerinden biridir. Dondurmanyň dykyzlygyny we uzak wagtlap çözülmän galmagyny üpjün edýär. 16-njy asyrdan galan gögerçin ýahnasynyň reseptinde hem peýdalanylypdyr. Aşhanadan daşgary bolsa ebru sungadynda ýelimleýiji element hökmünde ulanylýar.

Salep diňe bir köçe içgisi däldir; öýlerde myhmanlara hem hödür edilerdi. Agşamlaryna garaşylmadyk myhman gelende ter miwe we ir-iýmişiň ýanynda hödürlenerdi. Şeýle hem Osmanlyda “saleplik” diýilýän bezegli farfor, kümüş we mis çaşkalarda hödür etmek belli bir derejäni aňladardy.

Safran ýaly gymmat hem bolsa, bu Osman nygmatyny taýýarlamak üçin “hakyky salep” diňe azajyk mukdarda gerek. Bu döwürde hakyky salep tapmak isleseňiz Müsür bazaryna ýa-da şypaly önümleri satýan dükana baryň. Emma üns berin! “Hakyky salep” isleýändigiňizi aýdyn. Bazarda satylýan emeli aromartly, mekge-jöwen krahmaly goşulanlary sizi aldatmasyn.

Indi heňli salep satygçylarynyň mylaýym sesleri bolmasa hem, göçme satygçylar henizem Stambulyň köçelerinde ony satýar. Salep henizem Türkiýede gyş aýlarynda halanyp dowam etdirilýän endiklerden biri.

Kafede oturyň ýa-da gämi bilen boğazdan geçýärkäňiz şäheriň gussagly siluetine syň ediň… Oktýabryň ahyryndan marta çenli salep içip bilersiniz.

Eýsem salep nähili taýýarlanýar? Şeýle aňsat:

400 millitr ýagly süýt, 3 gram hakyky üwelen salep we 3 çaý çemçesi şeker alyň. Sowuk süýdi üwelen salebi we şekeri bir gapda gowuja garyň. Orta-pes oda goýuň we yzgiderli bulaň. Gaýnamaga başlap, goýulaşýança bişiriň.

Çaşkalara guýuň we üstüne üwelen daljyn ýa-da zenjebil-ýa-da ikisini birden-sepeläň. Irki döwürdäki ýaly şekeriň ýerine bal ýa-da toşap goşsaňyzam bolar, isleseňiz gül suwunam goşup bilersiňiz.

Işdäňiz açyk bolsun!