Syn we garaýyşlar
SYÝASAT
1 minut okamak
Tramp Ysraýyla beriljek 4 milliard dollarlyk kömegiň bes ediljekdigini mälim etdi
Tramp: “Eger Amerikada ynsanlar menden bizar bolan bolsa onda Ysraýyla göçüp giderin we ol ýerde premýer-ministr bolup bilerin” diýdi.
Tramp Ysraýyla beriljek 4 milliard dollarlyk kömegiň bes ediljekdigini mälim etdi
Tramp Ysraýyla beriljek 4 milliard dollarlyk kömegiň bes ediljekdigini mälim etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurdunyň Ysraýyla beriljek 4 milliard dollarlyk kömegiň bes ediljekdigini aýtdy.

“Foks Nýus” kanalyna beýannama beren Donald Tramp, Ysraýyla 4 milliard dollarlyk kömegiň berilmegi barada durup geçdi “İndi Ysraýyla pul berip bilmeris” diýdi.

Ýylyň ahyryna çenli Ysraýyla beriljek kömegiň bes ediljekdigini aýdan Tramp, zerur halatynda bolsa ABŞ-nyň Ysraýyla kömek berjekdigini belledi.

Bu mesele barada Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahuýa maglumat berendigini aýdan Tramp, Ysraýylyň ösen ýurtdyny we bu kömege mätäç bolmandygyny ýatlatdy.

Tramp, araky saýlawlardan soň Eýran meselesindäki tutumynyň üýtgäp üýtgemändigi baradaky soraga  “Has köp adamy öldürmek ýaly niýetim ýok, emma mejbur bolsak muny etmeli bolarys” diýip jogap berdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp “Eger Amerikadaky adamlar menden biraz bolan bolsa onda Ysraýyla göçip giderin we ol ýerde premýer-ministr bolup bilerin” diýdi.

Tramp ysraýylyň halkynyň 99 göteriminiň özüne goldaw berýändigine ünsi çekdi.