SYÝASAT
1 minut okamak
Gresiýanyň Premýer-ministri Türkiýede saparda bolar
Gresiýanyň Premýer-ministriniň Türkiýä gurajak saparynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Gresiýanyň Premýer-ministri Türkiýede saparda bolar
Gresiýanyň Premýer-ministri Türkiýede saparda bolar / Reuters
Duş 11 Ýek

Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikotakis çarşenbe güni Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 6-njy maslahatyna gatnaşmak üçin Türkiýä geler. Ýolbaşçylar bu sapary özara gatnaşyklardaky ösüşiň dowam etdirilmegi taýdan aýgytly ädim hökmünde häsiýetlendirýär.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Gresiýanyň Premýer-ministri Mikotakis Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde Ankara geler.

Erdogan bilen Mikotakisiň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna iki ýurduň degişli ministrleri gatnaşar.

Saparyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň seljerilmegine garaşylýar.

Soňky ýyllarda iki goňşy ýurduň arasynda özara söwda we syýahatçylyk pudagy boýunça edilýän gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin uly tagalla edilýär.

Türkiýe bilen Gresiýa özara söwda mukdarynyň 10 milliard dollara ýetirilmegini maksat edinýär.

Ankara bilen Afini saglygy goraýyş, daşky gurşaw, medeniýet, syýahatçylyk we söwda ýaly birnäçe ugurda edilýän hyzmatdaşlygyň artdyrylmagyny maksat edinýär.

Ýolbaşçylar iki taraply saparlaryň we baglaşylan şertnamalaryň gatnaşyklaryň pugtalanmagyna itergi berjekdigini nygtaýar.