Siriýanyň hökümeti ABŞ-nyň 10 ýyl soň yza çekilmeginden soň Yrak-Iordaniýa serhediniň çatrygynda ýerleşýän strategiýa taýdan uly ähmiýete eýe bolan Al Tanf bazasynyň gözegçiligini ele geçirdi.
Siriýanyň hökümetine ýakyn çeşmeleriň “Anadoly Habarlar” gullugyna beren beýannamasyna görä, Siriýanyň harby goşuny bazanyň gözegçiligini ele geçirendiklerini we harby baza ornaşandyklaryny mälim etdi.
Amerikan güýçleriniň İordaniýa bilen Siriýa serhediniň arasyndaky sebite ýakyn Al Tanf bazasyndan 22 kilometr ýagny 13 mil alysda ýerleşýän Tower 22 atly harby baza çekilendikleri nygtaldy.
Al Tanf bazasynda 200-e golaý amerikan esgeriniň iş alyp barandygyny nygtaldy. Tower 22 bazasynda iş alyp barjak amerikan esgerleriniň sany hakynda bolsa hiç hili maglumat berilmedi.
ABŞ 2017-2018-nji ýyllarda Al Tanf bazasyny Eýran tarapyndan goldanýan toparlara we terror guramasy DAEŞ-e gözegçilik etmek üçin ulanypdy.










