Günorta Afrikada bolan ýol heläkçiliginde 8 adam ýogaldy, 16 adam ýaralandy

Günorta Afrikada ýük ulagy bilen ýolagçy ulagynyň kakyşmagy sebäpli 8 adam ýogaldy, 16 adam ýaralandy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Günorta Afrikada ýük ulagy bilen ýolagçy ulagynyň kakyşmagy sebäpli 8 adamyň ýogaldygyny, 16 adamyň ýaralandygyny mälim etdi.

Ýekşenbe güni, Günorta Afrikanyň KwaZulu-Natal sebitinde N2 ýolunda bolan heläkçilikde 4-i agyr 16 adamyň ýaralanandygy aýan edildi.

Ýaralananlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Ýol heläkçiliginiň sebäbiniň anyklanylmagy üçin iş gozgaldy.