Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi.
Azerbaýjanyň Prezident Diwanyndan berlen beýannama görä, “Iş sapary bilen Bakuwa gelen Fidan, Aliýew tarapyndan kabul edildi”.
Kabul edilşikde “Bir millet, iki döwlet” ýörelgesine esaslanýan Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň we stratagik hyzmatdaşlygyň ähli taraplaýyn ösmegine kanagatlanma bildirildi.
Kabul edilşikde şeýle hem Türkiýe bilen Azerbaýjanyň logistiki taýdan ähmiýetine, esasan Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky köpri roluna üns çekildi.
Kabul edilşikde özara gatnaşyklaryň geljegi bilen birlikde iki ýurdy ýakyndan gyzyklandyrýan sebitara we halkara meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary işler ministri Hakan Fidan iş saparynyň çäginde Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen hem duşuşdy.

















