SDG-nyň hüjümlerinden soň Halap howa menzilinde uçuşlar togtadyldy
Siriýanyň Halap şäherinde terror guramasy SDG tarapyndan guralan hüjümler sebäpli uçar saparlarynyň 24 sagat möhlet bilen togtadylandygy habar berildi.
Siriýaly ýolbaşçylar terror guramasy ÝPG-nyň ýolbaşçylygyndaky Siriýa demokratik güýçleri SDG tarapyndan guralan hüjümler sebäpli halkara Halap howa menzilinde uçar saparlarynyň wagtlaýyn togtadylandygyny habar berdi.
Raýat Awiasiýa gullugynyň baş müdürligi ýolagçylaryň we howa menziliniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi maksady bilen uçar saparlarynyň 24 sagat möhlet bilen togtadylandygyny mälim etdi.
Uçar saparlarynyň halkara Damask howa menziline gönükdiriljekdigi nygtaldy.
Siriýaly ýolbaşçylar kararyň terror guramasy ÝPG-nyň ýolbaşçylygyndaky Siriýa demokratik güýçleri SDG tarapyndan sişenbe güni ertiriň irki sagatlarynda Halapda guralandygy öňe sürülýän hüjümler sebäpli kabul edilendigine ünsi çekdi.
Halapda guralan hüjümde biri harby işgär, biri hem çaga bolmak bilen asuda ilatdan 4 adam ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.
Siriýa we Türkiýe tarapyndan terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi hökmünde häsiýetlendirlen ÝPG, Siriýa demokratik güýçleri SGD-ä gözegçilik edýär.