SYÝASAT
2 minut okamak
Oskar baýragynyň eýesi Palestinaly režissýor bikanun ýaşaýjylaryň hüjüme sezewar boldy.
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan saklanan soň boşadylan Hamdan Ballal, tanaýan bikanun ýaşaýjylardan biriniň birnäçe gezek hüjümine sezewar bolandygyny aýtdy.
Oskar baýragynyň eýesi Palestinaly režissýor bikanun ýaşaýjylaryň hüjüme sezewar boldy.

No Other Land filmi bilen Oskar baýragyny alan režissýor Hamdan Ballal, ysraýylly bikanun ýaşaýjylaryň zulumyna sezwar bolandygyny, boşadylandan soň gürrüň berdi.

Sişenbe güni Roýter habarlar gullugyna beýannama beren Ballal, bir gün ozal goňşusynyň öýüne hüjüm eden bikanun ýaşaýjylary wideo ýazga alandan soň, öz öýüne hüjüm guralmagynyň öňüni almak üçin daşarda garaşýandygyny aýtdy.

Hamdan Ballal “Men, haýsydyr bir bikanun ýaşaýjynyň ýada esgeriň öýüme hüjüm guramagynyň öňüni almak üçin daşarda garaşýardym”diýdi.

Ballal, ýere itilendigini we esgerleriň gygyryp ýerinden turmagyny talap edendigini we ýarag çenändiklerini gürrüň berdi.

Ballal “Maşgalaňyz, çagalaryňyz öýüň içinde mahalyny göz öňüne getiriň we olary goramaly bolýarsyňyz” diýdi.

Bikanun ýaşaýjylardan biriniň obalaryna guralan hüjümde kellesine futbol topy ýaly dependigini gürrüň berdi.

Bu wakadan gysga wagt öň, bikanun ýaşaýjylar duşenbe güni Al Haliliň golaýyndaky Susýa obasynda berlen agzaçara hüjüm edipdi.

Bu waka, Günbatar Şeriadaky Palestinaly ýada Bedewi obalaryna ysraýylly bikanun ýaşaýjylar tarapyndan guralan reýtleriň soňky mysaly boldy. Meýletinler we palestinalylar, polisiň we harby goşunyň umuman alnanda şuňa meňzeş hüjümlere dymmak bilen syn edýändigini nygtaýar.

Nyşana alyndy

Şu ýyl Oskaryň İň gowy dokumental film baýragyny alan No Other Land, Ysraýylyň palestin halkyny zor bilen ewakuassiýa edilmegini gürrüň berýär we palestinaly we ysraýylly režissýor tarapyndan birlikde taýarlandy.

Ballal, hüjüme goşulan bikanun ýaşaýjylardan birini tanaýandygyny aýtdy.

Ol “Bu ilkinji waka däl” diýdi. “Ozal hem birnäçe gezek öýüme hüjüm guradylar we mallaryny bagyma getirdiler” diýip belledi.

Olaryň gepleşýän dilini bilmeýändigini aýdan Ballal, hüjümde bikanun ýaşaýjylardan biriniň adyny aýdandygyny we “Oskar” diýendigini eşidendigini belledi.

“Men olaryň maňa ýörite hüjüm edendigine düşündim” diýip, ol sişenbe güni boşadylandan soň beren beýannamasyna aýtdy.

 “Olar Oskar diýende düşünýärsiňiz, olar adyňy aýdanda düşünýärsiň” diýdi.

Ysraýylyň harby goşuny, Ballalyň esgerler tarapyndan ýenjilendigi hakyndaky garaýyşlaryna hiç hili jogap bermedi. Ballala hemle atan ýaşaýjy Shem Tow Luski bolsa özüniň ýada esgerleriň Ballaly urandygyny kabul etmedi.

Filmiň beýleki režissýory Basel Adra, ýaşaýjylaryň goşuny ar alyş hökmünde Ballalyň öýüne alyp barandygyny nygtady.

“Sebäbi kamerasyny ýanynda göterýär we başdan geçirlen wakalary wideo alýardy. Şol sebäpli hem ar aldylar” diýdi.

 

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte Türkiýede saparda bolýar
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi
Erdogan Eýrana guralýan bikanun hüjümler sebäpli sebite uly howpuň abanýandygyny aýtdy
5-nji Antalýa Diplomatiýa forumy öz işine başlady
Fidan Antalýada Pakistanyň Premýer-ministri Şerif bilen duşuşdy
Somaliniň Prezidenti Türkiýede saparda bolýar
Pakistanyň Premýer-ministri ABŞ-Eýran gepleşiklerini seljermek üçin goňşy ýurtlara sapar gurar
Wens: Pakistanda Eýran bilen geçirilen gepleşiklerde “uly öňegidişlik” gazanyldy
Papa Trampyň tankydy belliklerine garamazdan söweşe garşy durmaga dowam etjekdigini aýtdy
Tramp Rim Papasyny berk tankyt etdi
5-nji Antalýa Diplomatiýa forumy aprel aýynyň ikinji hepdesinde geçirler
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Wans, ABŞ-Eýran gepleşikleri üçin Pakistana geldi
Ysraýyl Eýrana garşy söweşinde 10 müň 800 howa hüjümini gurady
Eýranly diplomat Kemal Harazi, ABŞ-Ysraýyl hüjüminde aradan çykdy
Tramp ABŞ-nyň "hakyky ylalaşyk" güýje girýänçä Eýranda we sebitde galjakdygyny beýan edýär
Pakistan ylalaşyga goldaw beren Türkiýe bilen birlikde beýleki ýaranlaryna minnetdarlyk bildirdi
Lapid Netanýahunyň syýasatlaryny syýasy we strategiýa taýdan “şowsuz” hökmünde häsiýetlendirdi
Eýran bilen ABŞ 10 maddalyk parahatçylyk teklibini kabul etdi
Yslamabat ABŞ-Eýran gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
ABŞ bilen Eýran 45 gün möhlet bilen hüjümleri bes etmegi meýilleşdirýär