DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ukrainada 55 müň esger söweş meýdanynda öldi
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý söweş sebäpli Ukrainada 55 müň esgeriň ýogalandygyny mälim etdi.
Ukrainada 55 müň esger söweş meýdanynda öldi
Ukrainada 55 müň esger söweş meýdanynda öldi / AP
Duş 16 Ýek

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, Fransa 2TW teleýaýlymyna beren beýannamasynda, söweş meýdanynda 55 müňe golaý ukrainaly esgeriň aradan çykandygynyň çaklanylýandygyny aýtdy.

Zelenskiý çarşenbe güni beren beýannamasynda “Ukrainada resmi görkezijilere söweş meýdanynda 55 müň esger ýogaldy” diýdi.

Zelenskiý köp sanly adamyň hem resmi taýdan dereksiz ýiten hökmünde bellige alynandygyna ünsi çekdi.

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän Halkara strategiýa we ylmy barlag merkezi, söweşde iki milliona golaý esgeriň ýogalandygyny, ýaralanandygyny ýada dereksiz ýitendigini mälim edipdi.

Merkez tarapyndan taýarlanan habarnama görä, Russiýanyň başladan söweşinde 1,2 million rus esgeriniň 500-600 müň ukrainalynyň aradan çykmagyna sebäp boldy.

Söweş asuda ilata hem uly zeper ýetirýär

BMG-nyň synçylary, 2022-nji ýyldan bäri Ukrainanyň iň uly adam pidasyny 2025-nji ýylda çekendigini mälim etdi.

BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komisarlygy, 2025-nji ýylda Ukrainada asuda ilatdan 2 müň 500 adamyň ýogalandygyna, 12 müňden gowram adamyň hem ýaralanandygyna ünsi çekdi.

Habarnamada Ukrainanyň şäherleriniň harabalyga öwrülendigi, energetika infrastrukturasynyň birnäçe gezek nyşana alynandygy we millionlarça adamyň ýaşaýan ýerini terk edendigi nygtaldy.

Ýaşaýyş jaýlaryna, aragatnaşyk liniýalaryna we senagat desgalarynyň esasy bölegine uly zeper ýetirlendigi bellenildi.