Ysraýyl Gazany bombalamaga dowam edýär
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň Gaza guran soňky hüjümlerinde birnäçe bina ýykyldy.
Ysraýyl şenbe güni ir ertir Gazada birnäçe ýeri bombalady. Han Ýunusyň gündogaryna guralan hüjümlerde birnäçe bina ýykyldy.
Ysraýyl 10-njy oktýabrda gazanylan ylalaşyga garamazdan Gaza guraýan hüjümlerini dowam etdirýär.
Şaýatlaryň “Anadoly habarlar” gullugyna beren maglumatyna görä, Ysraýyllyň topçy güýçleri Gaza şäheriniň gündogaryna we Jibaliýe şäherçesinde birnäçe ýere hüjüm gurady.
Şaýatlar harby goşunyň Han Ýunusyň gündogaryndaky binalary we ýaşaýyş jaýlaryny nyşana alandygyny mälim etdi.
Ysraýylyň deňiz güýçlerine degişli gämiler hem Rafaha we Han Ýunusyň kenarýaka etrapçalaryna hüjüm gurady.
Ysraýyl ylalaşygy bozmaga dowam edýär
Amerikan hökümetiniň ýanwar aýynda ylalaşygyň ikinji tapgyryna geçiljekdigini mälim edendigine garamazdan Ysraýyl hüjümleriň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşygy bozmaga dowam edýär.
Ylalaşygyň ikinji tapgyry, Ysraýylyň Gazadan esgerlerini yza çekmäge dowam etmegini we BMG-na görä gymmaty 70 milliard dollara barabar boljak gaýtadan dikeldiş işleriniň başladylmagyny öz içine alýar.
Ysraýyl 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gazada 72 müň palestinliniň ýogalmagyna, 171 müňden gowrak adamyň hem ýaralanmagyna we infrstrukutranyň 90 göteriminiň hatardan çykarylmagyna sebäp boldy.
Ysraýyl hüjümleriň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşyga garamazdan 574 palestinlini öldürdi, 1518 adamy hem ýaralady.