Bosniýada garrylar öýünde bolan ýangynda 10 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy

Tuzla şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän garrylar öýünde bolan ýangynda adam pidasynyň çekilendigi habar berildi.

By
Bosniýada garrylar öýünde bolan ýangynda 10 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy / Reuters

Bosniýa-Gersegowinanyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Tuzla şäherinde garrylar öýünde bolan ýangynda 10 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy.

Garrylar öýünden berlen beýannamada, “Gynansakda wakada 10 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy” diýildi.

Ýangynyň ýerli wagt bilen 20.45-de, halkara wagt boýunça 19.45-de bolandygy habar berildi.

Bosniýanyň Federalna TW teleýaýlymyna görä, ýangyn 1 sagadyň dowamynda gözegçilik astyna alyndy.

Ýolbaşçylar ýangynyň sebabiniň anyklanylmagy üçin derňew işiniň gozgalandygyny mälim etdi.

Ýangynda zäherlenen birnäçe adamyň hassahanada bejergi astyna alynandygy bellenildi.

Garrylar öýünde bolan ýangynda ýaralananlardan 2 adamyň ýagdaýynyň agyrdygy nygtaldy.