Eýranda fewral aýynda ABŞ bilen Ysraýylyň guran bilelikdäki howa hüjümlerinde ýogalan dini lideri Aýetullah Ali Hamaneýi üçin resmi dabaralar geçirilýär.
Eýranyň döwlet teleýaýlymy müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirlen dabaralary resmi Tähran tarapyndan ABŞ bilen Ysraýylyň başda durmagynda duşmanlara garşy güýç göreşi hökmünde häsiýetlendirdi.
28-nji fewralda başlan ABŞ-Ysraýyl-Eýran söweşiniň ilkinji günlerinde öldürlen 86 ýaşyndaky Hamaneýi we beýleki maşgala agzalaryny hatyralamak maksady bilen ýurtda 6 günüň dowamynda hoşlaşyk dabarasy we hatyralama çäresi geçirler.
Eýranly resmiler 35 ýylyň dowamynda ýurdy dolandyran Hamaneýi bilen hoşlaşmak üçin 3 günüň dowamynda diňe paýtagt Tahranda geçiriljek çärelere 15-20 million adamyn gatnaşmagyna garaşylýandygyny mälim etdi.
“Ar alyş şygarlary”
Paýtagt Tähranda Uly Musalla metjidinde bir ýere jemlenşen müňlerçe adam Hamaneýiň jesediniň metjide getirilmegi bilen birlikde dini lideriň aryny aljakdyklaryny beýan etdi.
Üç şäherde çäre geçirler
Eýranyň dini lideriniň tabydy duşenbe gününe çenli Tähranda galar. Tähranlylar üç günüň dowamynda dini liderleri bilen hoşlaşar.
Hamaneýiň tabydy sişenbe güni Kum şäherine alnyp gidiler we çarşenbe güni goňşy Yrakda ýerleşýän şaýylaryň keramatly şäherlerine ugrandan soň penşenbe güni Hamaneýiň dogduk diýary bolan Maşad şäherinde jaýlanar.
Hamaneý üçin geçirlen döwlet dabarasyna Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky gepleşiklere töwellaçylyk edýän Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň adyndan Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew bilen birlikde Hamasyň, Hizbullahyň we Owganystandaky Taliban hökümetiniň wekilleri gatnaşýar.
















