Goranmak we awiasiýa pudagynyň eksporty 2026-njy ýylyň iýun aýynda geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 29,6 göterim artyp 802,8 million dollara barabar boldy.
Pudagyň eksporty üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda geçen ýylyň ýanwar-iýun aýlaryny öz içine alýan döwür bilen deňeşdirilende 29,5 göterim artyp 4 milliard 665,7 million dollara ýetdi.
MASLAHAT BERILÝÄR
Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Haluk Görgün sosial mediadan beren habarnamasynda, eksportda ýetilen sepgidiň Türk goranyş senagaty pudagynyň gün saýyn ösýändiginiň görkezijisidigini ýatlatdy.




















