Ukraina Belarus tarapyndan boşadylan protestoçylaryň lideri Maria Kolesnikowa bilen birlikde 100-den gowrak tussaglynyň Ukraina ugradylandygyny mälim etdi.
Ukrainanyň söweş topary utgaşyklyk merkezi boşadylan 123 tussaglydan 114-niň Ukraina getirlendigini, beýlekileriň bolsa degişli lukmançylyk bejergisinden soň Belarusyň boşadylan raýatlarynyň islän halatynda Polşa ýada Latwiýa ugradyljakdygyny mälim etdi.
Wilnýusda çykyş eden Belarusyň sürgündäki lideri Swetlana Tihanowskaýanyň metbugat sekretary, boşadylalaryň Litwa däl eýsem garaşylmadyk ýagdaýda Ukraina ugradylandygyny, kararyň Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko tarapyndan kabul edilendigini aýtdy.
Adam hukuklary guramasynyň beren beýannamasyna görä, Belarus tarapyndan boşadylanlaryň arasynda oppozisianyň lideri Wiktor Babariko, Nobel baýragynyň eýesi Ales Bialitaksi bilen oppozisioner Maria Kolesnikowa hem bar.
ABŞ-nyň Belarusyň kaliý pudagyna goýan sanksiýalaryny bes edendigini mälim etmeginden soň Belarusyň tussaglylaryň boşadylmagy boýunça karar kabul edendigi nygtaldy.
Belarus Günbatarly ýurtlar bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin tagalla edýär
Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko anna güni Belarusyň paýtagty Minskde ABŞ-nyň ilçisini kabul etdi.
Bu duşuşyk 1994-nji ýyldan bäri ýurduny demir ýumruk bilen dolandyrýan Lukaşenkonyň Günbatarly ýurtlar bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek üçin tagalla edýändigini görkezýär.
Belarusyň Belta habarlar gullugyna görä, Prezident Lukaşenko Belarus üçin ABŞ-nyň ýörite ilçisi Jon Koale bilen duşuşdy.
Amerikaly ýolbaşçylaryň Lukaşenko bilen geçiren ozalky duşuşygynda 50-den gowrak syýasy tussaglynyň boşadylmagyny isländigi bellenildi.
Belarus geçen aý Prezident Aleksander Lukaşenko bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda gazanylan ylalaşygyň çäginde 31 ukrainalynyň günäsini geçipdi.










