SYÝASAT
1 minut okamak
BMG ABŞ-nyň Kuba goýan nebit embargosyna alada bildirýär
9,6 million ilaty bolan Kuba, 1962-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň goýan söwda embargosyna garşy göreşýär.
BMG ABŞ-nyň Kuba goýan nebit embargosyna alada bildirýär
BMG ABŞ-nyň Kuba goýan nebit embargosyna alada bildirýär / Reuters

BMG anna güni ABŞ-nyň Kuba goýan nebit embargosy sebäpli ýurtda başdan geçirilýän kynçylyklara uly alada bildirýändigini mälim etdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, geçen aý Kubany nebit bilen üpjün edýän Wenesuelanyň lideri Nikolas Maduronyň Amerikan goşuny tarapyndan zamun alynmagyndan soň Kubany nebitden mahrum etjekdigini mälim edipdi.

BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komisarlygynyň metbugat sekretary Marta Hurtada, Ženewada metbugata beren beýannamasynda, “Onlarça ýyldan bäri dowam edýän söwda embargosy we soňky döwürde ABŞ-nyň goýan nebit embargosy sebäpli Kubada çuňlaşýan ykdysady krizise uly alada bildirýäris. Bu ýagdaý Kubadaky halkyň adam hukuklaryna uly zeper ýetirýär” diýdi.

Marta Hurtada, BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komisary Wolker Türkiň ähli döwletlere bir taraply ýagdaýda pudaklara goýlan çäklendirmeleriň bes edilmegi üçin çagyryş edendigini ýatlatdy.

Hurtada, saglygy goraýşyň, azyk önümleriniň we suw ulgamlarynyň ýangyçlara baglydygy göz öňüne getirlende, Kubadaky nebit ýetmezçiliginiň halkyň şol önümlere bolan elýeterliligi taýdan howpludygyny aýtdy.

1962-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň söwda embargosynyň astynda ýaşaýan Kuba, uzak ýyllardan bäri elektrik togynyň kesilmegi we ýangyç, derman we azyk ýetmezçiligi ýaly uly kynçylyklary başdan geçirýär.

Hurtado, Kubanyň halkara adam hukuklaryna laýyklykda waka degişli gaýtawuly görkezmelidigini, dartgynlygyň gowşamagy üçin halkyň söz azatlygyna sarpa goýulmalydygyny belledi.

 

 

 

Öwren
Prezident Erdogan telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär
Kazyýet Respublikan halk partiýasy CHP-niň geçiren gurultaýyny bes etdi
Russiýa bilen Hytaý özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 20 resminama gol çekişdi
ABŞ bilen Ysraýyl Ahmedinežady häkimiýetiň başyna geçirmegi meýilleşdirdi
Pezeşkiýan Papa ugradan ýüzlenmesinde Eýranyň diplomatiýa goldaw berýändigini nygtady
Prezident Erdogan Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew bilen duşuşdy
Erdogan: Hazardan geçýän Gündogar-Günbatar koridorynyň ähmiýeti gün saýyn artýar
“Eýran bilen arabaglanşykly meseleler harby taýdan çözülip bilinmez”
Tramp: “Siziň dostuňyz bolmak uly hormatdyr”
Parahatçylyk gepleşikleriniň başlamagy üçin Ukraina Donbasdan çekilmeli
Prezident Erdogan Gazagystanda saparda bolar
Tramp Wenesuelany ABŞ-nyň 51-nji ştaty hökmünde häsiýetlendirdi
Daşary işler ministri Hakan Fidan Katarda saparda bolýar
Eýranyň Nur Han howa bazasyna harby uçar ugrandygy hakyndaky habarlar asylsyz
Ben Gwir bikanun ýaşaýyş jaýlaryna sanksiýa giriznegi sebäpli ÝB-ni "antisemitizmde" günäkärleýär
Erdogan: Geosyýasy wakalar Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň nähili möhümdigini görkezýär
Eýranyň Prezidenti: “Gepleşiklerden söz etmek boýun egmek manysyny aňlatmaýar”diýdi
Prezident Erdogan Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Erdogan Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyndaky strategik ähmiýetine ünsi çekdi
Amerikan Kongresiniň agzalary Rubiodan Ysraýylyň ýadro mümkinçiligi barada maglumat sorady