Halkara jemgyýetçiligi ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümine garşylyk görkezýär
Sebitde ýerleşýän ýurtlar, ABŞ-nyň we Britaniýanyň kanun çykaryş organlary, Russiýa we ÝB Waşingtonyň giň gerimli harby operasiýasyna alada bildirýär
ABŞ-nyň Wenesuela guran harby hüjümlerinden soň dünýä ýurtlarynyň liderleri we syýasatçylar halkara hukugynyň basgylanandygyna ünsi çekdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, şenbe güni ir ertir ABŞ-nyň Wenesuela garşy giň gerimli hüjüm gurandygyny we Prezident Nikolas Maduro bilen aýalynyň tussag edilendigini we ýurtdan çykarlandygyny öňe sürdi.
Halkara jemgyýetçiligi ABŞ-nyň bu tutumyna berk garşylyk görkezdi.
Kubanyň Prezidenti Migel Dias Kanel X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda operasiýany “Wenesuelanyň halkyna we biziň Amerikamyza garşy döwlet terrory” hökmünde häsiýetlendirdi.
Kubanyň Daşary işler ministri Bruno Rodriges hem hüjümleri “ABŞ-na ýada başga bir ýurda hüjüm etmedik halka garşy guralan we gorkaklygy görkezýän aksiýalar” hökmünde häsiýetlendirdi.
Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro ýagdaýy has-da dartgynlaşdyrjak we asuda ilata wehim salýan bir taraply harby hereketi ret etdi. Prezident Petro milli howpsuzlyk geňeşiniň nobatdan daşary ýagdaýda jemlenşendigini we bosgun akymyna garşy serhede goşmaça howpsuzlyk güýçleriniň ornaşdyrlandygyny belledi.
Amerikaly demokrat halk deputatlary hem hüjümiň kanunlara bap gelmeýändigini nygtady we hüjümi tankyt etdi.
Senatör Ruben Gallego “Wenesuela bilen söweşmek üçin hiç hili sebäp ýok” diýdi.
Britaniýaly käbir halk deputatlary, hüjümi garaşsyz we özygtyýarly döwlete garşy guralan hukuksyz hüjüm hökmünde häsiýetlendirdi we hökümete hüjümi ýazgarmagy üçin çagyryş etdi.
Premýer-ministr Keir Starmeriň ýolbaşçylygyndaky İşçi partiýasy hem hökümete hüjümi ýazmagy üçin çagyryş etdi.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi hüjümleri “ýaragly hüjüm” hökmünde häsiýetlendirdi we Waşingtonyň öňe sürýän garaýyşlarynyň “asylsyzdygyny” nygtady. Ministrlik dartgynlygyň möwjemegine garşy duýduryş berdi.
ÝB hem parasatlylyk çagyryşyny berdi. ÝB-niň resmisi Kaža Kallas, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini we guramanyn mesele bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny aýtdy.